Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus ÝB-ni gatnaşyklary dartgynlaşdyrmakda aýyplady


Carşenbe güni Belarusyň hökümeti Ýewropa Bileleşigini Belarus bilen öz gatnaşyklaryny bilkastlaýyn dartgynlaşdyrmakda aýyplady.

Hepdäniň sişenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň Belarusa garşy nobatdaky gezek sanksiýa girizmek barada karar kabul etmekleriniň yzy bilen, Belarusyň Daşary işler ministrligi bu karary “petige direjek ýol” diýip atlandyryp, beýanat ýaýratdy.

Şeýle hem, Belarusyň hökümeti Polşanyň ilçisinden hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Belarusdaky ýörite wekilinden bu ýurdy terk etmekligi talap etdi.
XS
SM
MD
LG