Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: “Alma-TW” üç ors telekanalyny görkezmekligi bes edip biler


Çarşenbe güni Gazagystanyň “Alma-TW” atly kabel telewideniýe prowaýderi şu ýylyň 1-nji martyndan başlap Orsýetiň üç sany esasy telekanallaryny görkezmekligi bes etmeginiň mümkindigini mälim etdi.

Gazagystanyň prowaýderi munuň sebäbini Orsýet tarapynyň öz kontraktynyň möhletini uzaltmak islemeýändigi bilen düşündirdi.

Gazak prowaýderiniň aýtmagyna görä, meseläniň anyk netijesi 1-nji martdan soň belli bolar.

“Alma-TW” kabel telewideniýe prowaýderi häzirki wagt bu mesele boýunça Orsýetiň “RTR Planeta”, “Rossiýa-24” we “Rossiýa K” telewideniýeleri bilen gepleşikleriň alnyp barylýandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG