Sepleriň elýeterliligi

Ýulduz Usmanowa çykyş etmäge rugsat aldy


Tanymal aýdymçy Ýulduz Usmanowa

Tanymal aýdymçy Ýulduz Usmanowa

Özbegistanda 2007-nji ýyldan bäri çykyşlary gadagan edilip gelnen tanymal aýdymçy Ýulduz Usmanowa çarşenbe güni ilkinji gezek bu ýurtda konsert bilen çykyş etmäge rugsat aldy.

48 ýaşly Ýulduz Usmanowanyň bu konserti çarşenbe güni agşam Samarkant şäherinde gurnalýar.

Bäş ýyla golaý mundan ozal Ýulduz Usmanowanyň günbatar habar serişdelerine interwýu bermeginiň yzy bilen, ol ýurduň telewideniýesinden we radiosyndan ýitirim bolupdy. Şondan soň ol köp wagtlap Türkiýede ýaşapdy.
XS
SM
MD
LG