Sepleriň elýeterliligi

Sudýalar aktiwistleriň sud prosesinden çekildi


Aktiwistler geçen dekabrda gurnalan reýdleriň dowamynda tussag edilipdiler.

Aktiwistler geçen dekabrda gurnalan reýdleriň dowamynda tussag edilipdiler.

Çarşenbe güni Müsüriň paýtagty Kairde 16 sany amerikan raýatyny-da öz içine alýan “demokratiýa tarapdar aktiwistler” diýlip atlanydyrylýan toparyň işi boýunça sud diňlenişiginde suduň sudýalarynyň üçüsi-de bu prosesden özleriniň çekilýändiklerini yglan etdiler.

Suduň başlygy Muhammed Şoukry bu iş boýunça alnyp barylýan prosesde suduň käbir kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny aýdyp, munuň anyk jikme-jikligini aýdyňlaşdyrmady.

Tussaglykdaky 16 sany amerikan raýatyny-da öz içine alýan 43 adamdan ybarat bu topar daşary ýurtlardan bikanun ýollar arkaly maliýe serişdelerini alyp, Müsürde lisenziýasyz iş alyp baranlykda aýyplanýarlar. Olar şu geçen dekabrda gurnalan reýdleriň dowamynda tussag edilipdiler.
XS
SM
MD
LG