Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz suratkeşleri migrantlaryň illýuziýalaryny sergileýärler


Bu ekranlaryň garşysyndaky diwarlarda wideo filmi arkaly Brýuklin köprüsiniň üstünden geçip barýan bir otlunyň aýnasyndan görünýän daşky görnüşler ýuwaş hereketli kadrlar arkaly görkezilýär.

Bu ekranlaryň garşysyndaky diwarlarda wideo filmi arkaly Brýuklin köprüsiniň üstünden geçip barýan bir otlunyň aýnasyndan görünýän daşky görnüşler ýuwaş hereketli kadrlar arkaly görkezilýär.


Gyrgyzystanly iki sany suratkeş Birleşen Ştatlaryň Nýu-Ýork şäherindäki sergä çykaran öz işlerinde zähmet migrantlarynyň şu Nýu-Ýork şäherine tarap ugramak bilen, öz hyýallarynda başdan geçirýän illýuziýasyny görkezmäge çalşypdyr.

Bişkekde iş alyp barýan suratkeşler Gülnara Kasmaliýewa bilen Muratbek Jumaliýewiň “Brýuklin köprüsi” diýlip atlandyrylan bu wizual sungat işi sungatdaky özboluşly bir täzelik bolup görünýär. Onda bu suratkeşler, hususan-da, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Nýu-Ýork şäherine barýan immigrantlaryň başdan geçirýän ýagdaýlaryna üns beripdir.

Nýu-Ýorkuň Winkleman galereýasynda asylan dört sany ekranda üç sany gyrgyz we bir özbek immigranty Amerika bilen bagly özlerinde bar bolan arzuw-hyýallary barada gürrüň berýärler.

Bu ekranlaryň garşysyndaky diwarlarda wideo filmi arkaly Brýuklin köprüsiniň üstünden geçip barýan bir otlunyň aýnasyndan görünýän daşky görnüşler ýuwaş hereketli kadrlar arkaly görkezilýär. Diwardan asylan goşmaça dört sany fotosurat bolsa, bu wideo kadrlaryň üstüni has-da ýetirýär. Ol fotosuratlarda Nýu-Ýorkdaky rus dilli ilatyň esasy jemlenen ýeri bolan Braýton-Biç merkezindäki gündelik durmuşy ýagdaýlar suratlandyrylypdyr.

Gyrgyzystanly iki sany suratkeşiň Birleşen Ştatlaryň Nýu-Ýork şäherindäki sergä çykaran öz işleriniň biri

Gyrgyzystanly iki sany suratkeşiň Birleşen Ştatlaryň Nýu-Ýork şäherindäki sergä çykaran öz işleriniň biri



Bişkekli suratkeş Muratbek Jumaliýew özleriniň gurnan bu wizual sungat işleriniň maksadynyň Nýu-Ýork barada öz watandaşlarynyň hyýalynda bar bolan owadan ideýalary we bu hyýaly ideýalaryň soňra nähili görnüşde reallygy öwrülişini görkezmekden ybaratdygyny aýdýar:

Bu iş adamyň ham-hyýallygyny, onuň isleglerini, arzuwlaryny, lapykeçliklerini, umuman, adamlaryň illýuziýasyny görkezýän iş.

—Bu immigrantlar Birleşen Ştatlara tarap ýola düşmek bilen, bu ýurt barada belli bir illýuziýany başdan geçirýärler. Ýöne Birleşen Ştatlara baransoňlar, belli bir wagtdan soň, olarda öz watanlary hakda başga bir illýuziýa döreýär. Şeýlelikde, olar oz aňlarynda yzygiderli ýagdaýda şular ýaly illýuziýalary döredýärler. Şu nukdaýnazardan, men özümiziň bu işimizi örän ýerlikli iş diýip hasaplaýaryn, sebäbi bu iş adamyň ham-hyýallygyny, onuň isleglerini, arzuwlaryny, lapykeçliklerini, umuman, adamlaryň illýuziýasyny görkezýän iş.

Jumaliýew 2008-nji ýylyň global maliýe krizisi döwründe merkezi aziýaly immigrantlaryň aglaba köpçüliginiň Orsýete gidip, örän az sanly adamyň Nýu-Ýorka gelendigini aýdýar.

Onuň aýtmagyna görä, kanuny ýol bilen Birleşen Ştatlara gelmekligiň kyndygy sebäpli, Nýu-Ýorka gelýän merkezi aziýalylaryň aglabasy bikanun ýollar bilen gelýärler. Bu bolsa, öz gezeginde, olaryň bu ýerdäki mümkinçiliklerini örän çäklendirýär we olaryň öz watanlarynda alan bilimlerine laýyk gelmeýän işlerde, ýagny ýükçi, öý süpüriji ýa çagalara enekelik etmek ýaly işlerde işlemeklerine sebäp bolýar.

Ýöne, beýleki tarapdan, bişkekli suratkeşleriň pikiriçe, olaryň gurnan bu sungat işi immigrantlaryň Amerikadaky durmuşynyň diňe kynçylyklar we ýaramazlyklar bilen doludygyny-da aňlatmaýar.

Sergidäki wideo ýazgyda interwýu beren gyrgyzystanly bir zenan “Amerika unikal ýurt, sebäbi bu ýerde her bir adam üçin orun bar. Sen kim bolsaň-da, sen bu şäherde baş alyp çykyp, öz ornuňy tapyp bilýärsiň” diýip, belleýär.
XS
SM
MD
LG