Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatly ýaşaýjynyň şikaýaty nähili netije berdi?


Geçen hepdede Aşgabadyň Nyýazow etrabynyň 26 ýaşly ýaşaýjysy Arzuw ýaşaýyş jaýynda suw ýetmezçiligi we hapaçylyk ýaly problemalaryň bardygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň beripdi.

Arzuw şeýle-de jaýyny dolandyrýan edarada we etrap häkimliginde arzynyň diňlenmeýänligini, tersine, meseläni çözmäge borçly işgärleriň öz wezipesini ýerine ýetirmegiň ýerine şikaýat edýän zenana basyş görkezip, türmä basmak haýbaty bilen ony gorkuzmaga çalşandyklaryny habar beripdi.

Arzuw Azatlyk Radiosy bilen ýene söhbetdeş boldy we ozalky çykyşynyň käbir netijeleri barada habar berdi. Söhbetdeşligi Gözel Hudaýberdiýewa geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Arzuw, bize geçen sapar öz başdan geçiren kynçylyklaryňyz barada gürrüň berdiňiz. Şol söhbetdeşlikden soň nähili täzelik bar?

Arzuw: 24-nji fewralda Nyýazow etrap bölümi boýunça “žek” edarasyna çagyryp, ýygnak geçirdiler 5-nji domuprawleniýede bikanunçylyklaryň gidýänligi barada. Üýşüp ministrlik tarapyndan ýygnak geçirdiler. Oňa menem gatnaşdym. Şol ýygnakda men köpçülikleýin dildüwşügiň bardygyny bildim. Hemmesi seniň diýýänleriň ýalňyş diýip, meni ýekirdiler şo taýda. Men olaryň gepini diňlemän gaýtdym. Ondan soň etrap häkimi, oňa Rejep Meläýewiç diýýärler, maňa jaň etdi, men onuň bilen duşuşyp bilmedim, ol öýüme jaň etdi-de: “Sen ýokaryk eşitdiripsiň bolan wakalar barada" diýdi. Ol menden “Kim saňa azar berdi häkimlige baraňda, organ işgärlerine seni basdyrjak diýip, hukugyňy peselden kim boldy?” diýip soramagyň ýerine, sen şu zatlar barada kime habar berýäň, nirä, nädip ýetirýäň, sen bu babatda otçet ber diýen ýaly edip, jaň edip aýtdy. Şol 5-nji domuprawleniýeden Amangül Meredowanyň edýän işleriniň dogrudygyny aýdyp, onuň arkasynda durdular meniň sözümiň bolsa ýalňyşdygyny aýtdylar. Ol başlyk bolup otyr eýýäm 5-6 ýyl bäri.

Azatlyk Radiosy: Şol ýygnaga kimler gatnaşdy.

Arzuw: Şol ýygnaga Türkmenistanyň Jemagat hojalyk ministrliginden geldiler. Ministriligiň ýaşaýyş jaý bölüminiň işgärleri. Olaryň atlaryny, familiýalaryny bilmedim. Meniň arzam boýunça garamaýak işgärleri eýläk-beýläk geçiripdirler. Emma men şol ýazan arzamda Amangül Meredowany çalşyp bermegi ýa ony aýyrmagy haýyş edýän diýip ýazdym, onuň eden-etdilikleri, kemçilikleri kän.

Azatlyk Radiosy: Siz şol arzaňyzy haçan ýazdyňyz?

Arzuw: Men şol arzany 8-nji fewralda ýazdym, şu çaka çenli şony ýapman ýörler.

Azatlyk Radiosy: Siziň şol ilkinji şikaýatyňyz nämeden ybaratdy?

Arzuw: Şikaýatymda bikanun jaýlar gurulýar diýipdim. Arkaýyn ýaşap bilemizok. Ýaş çagam bar, sekiz aýlyk. Ýarawsyz çaga bolansoň, tiz kömek çagyrýarys. Tiz kömek tapanok biziň öýmüzi, nireden geçmelidigini bilenoklar. Gurluşyklar gaty köp, haýsy ýerde, haýsy jaýyň ýerleşýänligini bilenoklar. Soňam hapaçylyk, podýezdlerimizde aýnalar ýok, gapylar ýok, podýezdimizi suw alyp dur. Asfalt ýollar ýok düýpden. Şol barada gürrüň gidipdi meniň arzamda başda. Onsoň domouprawleniýäniň muňa seretmeýänligi barada arza berdim. Emma şol arzama jogap bermediler.

Azatlyk Radiosy: Arzuw, öý uprawleniýesinde, ýagny dolandyryşynda geçirilen maslahatdan soň arzaňyzda görkezilen meseleler boýunça çäre görüldimi?

Arzuw: Çäre görüldi. Şifrler guruldy. Etrapçanyň içini gül ýaly etdiler. Arassaçylykda ýaşamak nähili ajap zat, gözüm ýetdi. Emma biziň ýaşaýan ýerimizde jaýlara podýezdlere seredenoklar. Ýene-de biziň podýezdimizde suw akyp dur. Gaýtam goňşularymyza gelip, şol ýaşaýjynyň adyny “gara spisoga” beriň. Biz şony “gara spisoga” salyp prokuratura berip, ýerinden göçürjek diýip, maglumatlary beripdirler. Bize gelip goňşularymyz aýtdy. Siziň üstüňizden şeýle arz edip ýör domuprawleniýä, sizi prokuratura berip, sud etjek bolup ýör diýip.

Azatlyk Radiosy: Käbir çäreler görüldi diýdiňiz, olar umumy çärelermi? Daş-töweregi tertipleşdirip, edil siziň ýaşaýan jaýyňyzy tertibe getirmedilermi? Şony takyklaşdyrsaňyz.

Arzuw: Howa, töwerek-daşymyzy arassaladylar, ýerleri depdiler, agaçlary kesdiler. Ýöne asfalt edenoklar häli. Şifirimizi gurdular, ony aýtjak, gurlanja zatlary. Ýöne ýaşaýan jaýymyzda, podeýezdimizde gapynyň ýokdugyny hem aýtjak. Beýleki podýezdlerde aýnalar ýok. Ýoluň gyrasynda, geçilýän podýezdlerde goýlan aýnalar, biziň jaýlarymyzda bolsa görünmedik ýerlerde aýna goýlanok. Ýene-de üns berenoklar.

Azatlyk Radiosy: Jaýyňyzyň ululygy nähili? Näçe hojalyk ýaşaýar?

Arzuw: Jaýymyzda 30 hojalyk ýaşaýar, 3 gatly jaý. Gaty uly däl, 2-nji dom diýlip atlandyrylýar.


Redaksion bellik: Aşgabatly zenan Arzuwyň Azatlyk Radiosy bilen birinji söhbetdeşliginiň yz ýany kesilen telefonlary häzirem ýurduň daşyndan edilýän jaňlar üçin elýeterli bolman galýar. Sekiz aýlyk çaganyň ejesi Arzuw özüne, ejesine we jigisine azar berilýänligini, telefonlarynyň öçürilýänligini, jaýynyň bolsa gözegçilikde saklanýandygyny habar berdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG