Sepleriň elýeterliligi

Annan: ‘Assad gan döküşligi bes etmek prosesine gatnaşmaly’


Birleşen Milletler Guramasy we Arap Ligasy tarapyndan Siriýa boýunça missiýa ýolbaşçy hökmünde bellenen Kofi Annan

Birleşen Milletler Guramasy we Arap Ligasy tarapyndan Siriýa boýunça missiýa ýolbaşçy hökmünde bellenen Kofi Annan

Birleşen Milletler Guramasy we Arap Ligasy tarapyndan Siriýa boýunça missiýa ýolbaşçy hökmünde bellenen Kofi Annan Siriýanyň prezidentini ýurtdaky gan döküşikligi bes etmek prosesine gatnaşmaga çagyrdy.

BMG-niň öňki Baş sekretary Kofi Annan Siriýada 11 aý bäri dowam edýän zorlugy bes etmek meselesinde uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny mälim etdi. Bu protestlerde ýedi ýarym müňe golaý adamyň heläk bolandygy çak edilýär.

Kofi Annan ýakyn wagtda Siriýa sapar etmegi planlaşdyrýandygyny aýdyp, Homs şäheriniň ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegini ýetirmek ýaly gaýragoýulmasyz meseläniň çözgüdini tapmaga synanyşjakdygyny aýtdy.

Hepdäniň çarşenbe güni Siriýada Başar al-Assadyň režimi Homs şäherini gozgalaňçylardan arassalamagy wada berdi. Maglumatlara görä, Assadyň inisi Maher al-Assadyň ýolbaşçylygyndaky 7 müň esgerden ybarat harby goşun Homsuň golaýyndaky Baba Amr kwartalynda şu maksatlar bilen ýerleşdirilipdir.

Waşingtonda prezident Barak Obamanyň edarasy Siriýanyň Birleşen Ştatlardaky ýorite wekili Zuheir Jabboury çagyryp, Homs şäherine garşy edilýän hüjüm boýunça düşündiriş sorady.

BMG-niň Ynsanperwerlik boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Waleriýa Amos özleriniň Siriýa barmaga rugsat alyp bilmeýändiklerini aýtdy.

BMG-de amerikan missiýasyna ýolbaşçylyk edýän Sýuzan Raýs bu meselede Siriýanyň özüni alyp barşyny “masgaraçylyk” diýip atlandyrdy.

Homs şäherinden çykyp bilmän ýören iki ispan žurnalistine çarşenbe güni Liwiýa aşmak başartdy.
XS
SM
MD
LG