Sepleriň elýeterliligi

Belarus ÝB "dartgynlylygy ýokarlandyrýar" diýýär


Belarusyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Andreý Sawinih ÝB-Belarus diplomatik krizisi boýunça geçirilen metbugat konferensiýasynda, Minsk, 29-njy fewral.

Belarusyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Andreý Sawinih ÝB-Belarus diplomatik krizisi boýunça geçirilen metbugat konferensiýasynda, Minsk, 29-njy fewral.

Belarus häkimiýetleri ÝB-e girýän 27 ýurduň ilçilerini yzyna çagyrmak bilen Bileleşigiň bilkastlaýyn Minsk bilen dartgynlylygy ýokarlandyrýandygyny aýdýarlar.

Belarus Polşanyň ilçisini we ÝB-niň ýörite wekilini ýurtdan çykarýandygyny yglan edensoň, ÝB bu diplomatlara raýdaşlyk bildirip, özüniň hemme ilçilerini yzyna çagyrmak kararyna geldi.

Belarusyň Daşary işler ministrligi ÝB-niň bu kararynyň “petige direýän ýola düşürýändigini” belledi.

Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin bolsa, ÝB-niň Minske garşy girizýän sanksiýalarynyň Orsýet bilen Belarusyň integrasiýasy meselesine böwet döretmejekdigini nygtady.
XS
SM
MD
LG