Sepleriň elýeterliligi

Baku Eýranyň protestini kabul etmedi


Ilçi Akhundow Azerbaýjana öz elden gidiren territoriýasyny azat etmek üçin harby enjamlaryň zerurdygyny aýdypdyr.

Ilçi Akhundow Azerbaýjana öz elden gidiren territoriýasyny azat etmek üçin harby enjamlaryň zerurdygyny aýdypdyr.

Azerbaýjan özüniň Ysraýyldan bir ýarym milliard dollarlyk harby enjamlary satyn almagy bilen bagly Eýranyň protestini kabul etmedi.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Elman Abdullaýew çykyş edip, öz ýurdunyň daşary syýasatynyň hiç bir beýleki ýurda garşy gönükdirilmeýändigini nygtady.

28-nji fewralda Eýranyň Daşary işler ministrligi Azerbaýjanyň Eýrandaky ilçisi Jawanşir Ahundowy çagyryp, Azerbaýjanyň Ysraýyldan 1 milliard 600 million dollarlyk harby enjamlary satyn almagy barada düşündiriş sorady.

Geçen ýekşenbe güni Ysraýylyň Goranmak ministrligi Azerbaýjana pilotsyz uçarlary, howa hüjümine garşy goranyş sistemalaryny satmak boýunça ylalaşyga gelnendigini mälim edipdi.

Ilçi Akhundow Ysraýyldan harby enjamlaryň satyn alynýandygyny tassyklap, Azerbaýjana öz elden gidiren territoriýasyny azat etmek üçin harby enjamlaryň zerurdygyny aýdypdyr.

Azeri diplomatynyň Daglyk Garabagdaky ýagdaý barada gürrüň edenligi çak edilýär.

Baku bilen Tähranyň arasynda ýüze çykan dartgynlyga Azerbaýjanyň Ysraýyl bilen gatnaşyklarynyň ýokarlanmagynyň sebäp bolan bolmagy mümkin diýlip çak edilýär.
XS
SM
MD
LG