Sepleriň elýeterliligi

Müsürde prezidentlik saýlawlary maýyň ahyrynda geçiriler


Müsüriň Milli saýlaw komissiýasynyň ýolbaşçysy Faruk Sultan prezidentlik saýlawlarynyň 23-24 maýda geçiriljekdigini mälim etdi.

Bu saýlawlaryň birinji tapgyrynda hiç bir dalaşgäre sesleriň 50%-ni almak başartmasa, saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň 16-17-nji iýunda geçiriljekdigi habar berilýär.

Saýlawlaryň kesgitlenen wagty ýurduň harby häkimiýetleriniň halka beren wadalaryna laýyk gelýär. Ýagny, Müsüri dolandyrýan harbylar iýun aýynyň ahyryna çenli häkimiýeti graždan hökümete geçirmegi wada beripdiler.

Prezidentlik saýlawlary Müsürde graždan hökümetiniň doly düzülmegine getirer.

Geçen gyş aýlarynda Müsürde parlament saýlawlary geçirilip, ýurduň iki öýli mejlisine deputatlar saýlanypdy.
XS
SM
MD
LG