Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan Orsýetden kireý tölegini soraýar


Orsýetiň 201-nji diwiziýasy Täjigistanda Ikinji jahan urşundan soňra ýerleşdirilipdi.

Orsýetiň 201-nji diwiziýasy Täjigistanda Ikinji jahan urşundan soňra ýerleşdirilipdi.

Geçen aýlarda gyrgyz resmileriniň “Manas” harby bazasyndaky amerikan harbylary baradaky beýanatlary bilen bagly köp habarlar ýaýrady. Emma ýakyn wagtda Orsýetiň hem Merkezi Aziýadaky harby bazalary boýunça problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolmagy mümkin.

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew 23-25-nji fewralda Moskwa sapar edende, Orsýetiň kireýne alýan harby bazasy üçin töleg etmeýändigi bilen bagly meseläni gozgady. Häzir Täjigistan hem öz territoriýasyndaky harby bazalary Orsýetiň kireýne almagy bilen bagly meseläni galdyrýar.

Täjigistanyň Orsýetdäki ilçisi Abdulmajit Dostyýewiň 28-nji fewralda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna beren interwýusynda aýtmagyna görä, Duşenbe Moskwanyň öz üç harby bazasyny ulanmagynyň möhletini ýene-de 49 ýyl uzaltmak isleýär. Eýse, näme üçin bu baradaky ylalaşyga gol goýmak yza süýşürilýär diýlip soralanda, Dostyýew entek jikme-jik gürrüň etmeli meseleleriň arasynda harby bazalary ulanmagyň hem bardygyny ýaňzytdy:

Häzir hiç kim öz topragyny mugtuna ulanýana sag bolsun aýtmaz.

—Men ilçi däl-de, Täjigistanyň raýaty hökmünde, dünýäde hiç kimiň bir garyş ýerini-de mugtuna bermejekdigini aýtmak isleýärin. Biziň ýurdumyz şeýle pikire eýermeli. Orsýet bize 300 million çemesi amerikan dollaryny ýa-da harby-tehniki kömek hökmünde kompensasiýa tölemeli. Häzir hiç kim öz topragyny mugtuna ulanýana sag bolsun aýtmaz.

Orsýetiň 201-nji diwiziýasy Täjigistanda Ikinji jahan urşundan soňra ýerleşdirilipdi. Bu diwiziýa Täjigistanda Sowet Soýuzy dargandan soň hem galdy. Orsýetli harbylar, esasan, 1,344 kilometrlik täjik-owgan serhedini goramaga kömek edýärler. Şonuň ýaly-da, olar 1992-1997 nji ýyllardaky graždanlyk urşy döwründe Täjigistanyň strategiki taýdan möhüm obýektlerini gorapdylar. Umuman, täjik hökümeti Orsýetiň söweşijileriniň öz territoriýasynda galmagyny goldaýar. Orsýetiň 201-nji diwiziýasy Täjigistandaky urşa goşulyşmasa-da, onuň hökümeti goldaýandygy gümän edilipdi.

Emma ilçi Dostyýew häzir döwrüň başgadygyny aýdýar:

—Şu günki Täjigistan 90-njy ýyllardaky ýurt däl. Şol döwürde Täjigistanda ähli meseläni başga döwletler çözýärdiler.

Gyrgyzlar hem töleg soraýar

Täjigistandan öň geçen hepde Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew Moskwa saparynyň dowamynda Orsýetiň kireýne alýan harby bazasy üçin töleg etmeýändigi baradaky meseläni gozgady. Ol amerikan güýçleriniň 2014-nji ýylda Gyrgyzystanyň “Manas” harby bazasynda galmak möhleti tamamlanandan soňra, ony uzaltmajakdygyny we Birleşen Ştatlaryň, NATO-nyň harbylarynyň ýurdy terk etmeklerini isleýändigini birnäçe gezek aýdypdy. Amerikanyň harbylary “Manasy” Owganystandaky harby operasiýalary üçin 2001-nji ýyldan bäri ulanýarlar.

Atambaýewiň “Eho Moskwy” radiosyna beren interwýusynda aýtmagyna görä, Gyrgyzystanyň Orsýetden Kantdaky harby bazany ulanmagyny bes etmegini talap etmegi mümkin. Ol Orsýetiň bu harby bazany 4 ýyldan bäri ulanýandygyny we hiç hili töleg etmändigini habar berdi. Prezident Atambaýewiň sözlerine görä, Orsýet Kantdaky harby bazanyň kommunal hyzmatlary üçin töleg etmekden hem boýun gaçyrypdyr. Ol bu zatlary eşiden prezident Dmitriý Medwedewiň “şok” ýagdaýyna düşendigini we şol tölegleri 10 günüň içinde etmegi goranmak ministrine tabşyrandygyny belleýär.

Kremliň ýaýradan beýannamasyna görä, Orsýet harby bazany kireýine alandygy we Gyrgyzystanyň düýp gurluşlaryny ulanandygy üçin tölegleri tiz wagtda etmäge taýýardygyny tassyklaýar. Orsýet Kantda harby bazasyny 2003-nji ýylda açdy we ol Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň çalt hereket edýän güýçlerine kömek edýär.
XS
SM
MD
LG