Sepleriň elýeterliligi

Protestçiler ýerli häkimiň öýüni otladylar


Azerbaýjanyň Guba şäheri, 1-nji mart.

Azerbaýjanyň Guba şäheri, 1-nji mart.

Azerbaýjanyň demirgazyk-gündogaryndaky Guba şäherinde polisiýa protestçileri dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz ulandy we suw toplaryny atdy.

Polisiýa bilen protestçileriň arasynda dörän çaknyşykda azyndan bir žurnalistiň ýaralanandygy habar berilýär.

Protestçiler ýerli häkim Rauf Habilowyň işden çekilmegini talap etdiler. Olar hökümet binasynyň aýnalaryny döwüp, Habilowyň öý emläklerini ýakdylar.

Guba şäherine paýtagt Bakuwdan we ýurduň beýleki künjeklerinden goşmaça howpsuzlyk güýçleriniň ugradylandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG