Sepleriň elýeterliligi

AKP-niň edarasynyň golaýynda partlama boldy


Polisiýa waka ýerinde derňew geçirýär, Stambul, 1-nji mart.

Polisiýa waka ýerinde derňew geçirýär, Stambul, 1-nji mart.

Stambulda Türkiýäniň hökümet başyndaky “Adalat we Galkynyş” partiýasynyň baş edarasynyň golaýynda partlama amala aşyryldy. Onda azyndan 10 adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

“Anadoly” habar agentliginiň maglumatyna görä, partlama polisiýa awtobusynyň ýanynda bolupdyr.

Stambulyň polisiýa başlygy Hüseýin Çapkynyň sözlerine görä, hüjüm motosikletde ýerleşdirilen uzakdan dolandyrylýan bomba arakaly edilipdir:

— Olar motosikleti ulanana çalym edýär. Uzakdan dolandyrylýan partlaýjy serişde motosikletde ýerleşdirilipdir. Häzirlikçe bar bolan maglumat şu.

Polisiýa ikinji partlamanyň amala aşyrylmagyndan heder edip, waka ýerini köpçülige ýapdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç kim öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG