Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanyň Oş şäherinde müňlerçe adam proteste çykdy


Gyrgyzystanyň Oş şäherinde müňlerçe adam proteste çykdy.

2010-njy ýylyň iýunynda Oş şäherinde etnik gyrgyzlar bilen etnik özbekleriň arasynda gazaply çaknyşyk bolupdy. Şonda 450-a golaý adam öldi, müňlerçe binalar weýran edildi.

Polisiýanyň maglumatyna görä, penşenbe günündäki proteste 9 müň adam gatnaşypdyr. Ýöne protesti gurnaýjylaryň sözlerine görä, gelenleriň sany mundan iki esse köp bolupdyr.

Protestler milletçi “Ata-Žurt” partiýasy tarapyndan goldanylyp, oňa gelenler gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýewiň hökümetiniň işden çekilmegini talap etdiler.
XS
SM
MD
LG