Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň Adam hukuklary geňeşi Siriýanyň hökümetini ýazgardy


Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary geňeşi Siriýda bir ýyl töweregi wagt bäri protestleriň gazaply basylyp ýatyrylmagyny “giň gerimli we sistematik wagşyçylyk” diýip häsiýetlendirip, Siriýanyň hökümetini ýazgardy.

Geňeşiň agzalarynyň üçüsi, ýagny Orsýet, Hytaý we Kuba rezolýusiýa garşy ses berdiler.

Rezolýusiýada Başar al-Assadyň režimine garşy raýatlaryň geçirýän protestleriniň basylyp ýatyrylmagyny tizden-tiz bes etmäge, şeýle-de halkara gumanitar toparlarynyň ýurda goýberilmegine çagyryş edilýär.

47 agzalyk Geňeşiň 37-si rezolýusiýany goldap ses berdi.

Rezolýusiýanyň berjaý edilmegi hökmany şert däl.
XS
SM
MD
LG