Sepleriň elýeterliligi

Dünýä güýçleri D. Koreýanyň kararyny seresaplylyk bilen oňaýly garşyladylar


Dünýä güýçleri Demirgazyk Koreýanyň urany baýlaşdyrmak boýunça programmasyny togtatmak, ýadro we uzak aralyk üçin niýetlenen raketlaryň synagyny bes etmek, şeýle-de BMG-niň inspektorlarynyň ýurda gelmegine şert döretmek boýunça gelen kararlaryny seresaplylyk bilen oňaýly garşyladylar.

Gelnen ylalaşyga görä, ABŞ Demirgazyk Koreýany 240 müň tonna azyk bilen üpjün eder.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Phenýanyň gelen kararyny “dogry ugur boýunça edilen ilkinji kiçi ädim” diýip häsiýetlendirdi.

Hytaý, Günorta Koreýa, Ýaponiýa we Orsýet bu habary gowy garşylap, muňa ýaragsyzlanyş boýunça alty taraplaýyn gepleşikleriň gaýtadan ýola goýulmagyna mümkinçilik hökümünde garadylar.
XS
SM
MD
LG