Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW Yragyň hökümetiniň hereketlerini tankytlady


Adam hukuklaryna gözegçilik edýän halkara “Human Rights Watch” guramasy Yragyň hökümetiniň parahatçylykly protestleriň öňüni almagyny “repressiw çäre” diýip atlandyrdyp, döwletiň bu hereketlerini tankytlady.

Geçen hepde Yrakda sosial üpjünçiligiň pes bolmagyna, şeýle-de işsizlige garşy geçirilen protestleriň ýyl dönümine bagyşlanyp demonstrasiýa geçirilipdi.

2011-nji ýyldaky protestleriň dowamynda polisiýa bilen bolan çaknyşykda 16 adam öldi we 130 töweregi adam ýaralandy.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän “Human Rights Watch” guramasynyň ýaýradan beýanatyna görä, geçen hepde geçirlen protestleriň öňýany aktiwistlere haýbat atylypdyr.
XS
SM
MD
LG