Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanyň Guba şäherinde asudalyk saklanýar


1-nji martda ýüze çykan protestlerden soň, häzir Azerbaýjanyň Guba şäherinde asudalyk saklanýar.

Resmileriň beren maglumatlaryna görä, penşenbe güni bolan protestlerde azyndan dört adam ýaralanypdyr, olardan üçüsiniň polisiýa işgäridigi, biriniň bolsa žurnalistdigi habar berilýär.

Protestçiler ýerli häkim Rauf Habilowyň işden çekilmegini talap etdiler. Olaryň bu talabynyň ýerine ýetirilip ýetirilmändigi barada maglumat berilmeýär.

Azerbaýjan: Guba tolgunyşyklary
please wait

No media source currently available

0:00 0:07:26 0:00

Azerbaýjanyň häkimiýetleri şäherdäki ýagdaýa doly gözegçilik edýändiklerini aýdýarlar.

Guba şäherine paýtagt Bakuwdan we ýurduň beýleki künjeklerinden goşmaça howpsuzlyk güýçleri getirildi.

Bu protestlere ýerli häkim Rauf Habilowyň şäheriň ýaşaýjylaryny “dönükler” diýip atlandyrýan wideoýazgysynyň “YouTube” saýtynda ýerleşdirilmegi sebäp boldy.

Protestçiler hökümet binasynyň aýnalaryny döwüp, häkim Habilowyň öý emläklerini ýakdylar.

Protestleriň dowamynda tussag edilen 22 aktiwistiň azat edilendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG