Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýanyň ýene iki žurnalisti Siriýadan Liwana geçmegi başardy


Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkoziniň aýtmagyna görä, Siriýanyň Homs şäherindäki beýleki iki fransuz žurnalistine hem Liwana geçmek başardypdyr.

Homs şäheriniň Baba Amr kwartalyna hüjüm edilýärkä, Edit Buwýe we Uilýam Daniels dagylar şol ýerdediler. Edit Buwýe geçen hepde ýaralanypdy.

Geçen hepde Homsda iki günbatar žurnalisti hem öldürildi.

Hepdäniň penşenbe güni Assadyň režimine garşy çykan protestçiler ýarag ýetmezçiligi we gumanitar ýagdaýyň gaty ýaramazlaşmagy sebäpli Baba Amrdan wagtlaýynça yza çekilýändiklerini aýtdylar.

Şondan soň, Başar al-Assadyň hökümeti Halkara Gyzyl Haç guramasyna Homsa baryp, ilata zerur bolan kömegi ýetirmäge rugsat berdi.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalary, şol sanda Hytaý we Orsýet BMG-niň ynsanperwerlik meseleleri boýunça ýolbaşçysy Waleriýe Amosanyň Siriýa barmagyna rugsat berilmezligine "çuňňur lapykeçlik" bildirip, onuň ýurda goýberilmegine çagyryş etdiler.
XS
SM
MD
LG