Sepleriň elýeterliligi

Günbatarly demokrat aktiwistler Müsüri terk etdiler


Müsürde maliýe serişdelerini bikanun ýol bilen alanlykda resmi aýyplama bildirilen guramalaryň käbir agzalarynyň ýurdy terk edendigi habar berilýär.

Müsüriň resmi MENA habar gullugynyň beren maglumatyna görä, ýerli sud aktiwistlere syýahat etmäge rugsat edensoň, 15-e golaý aktiwist Amerikanyň uçaryna münüp, Müsüri terk edipdir.

Geçen ýylyň dekabr aýynda Müsürde daşardan maliýeleşdirilýän, hökümetden aýry 10-a golaý guramanyň edaralaryna howpsuzlyk güýçleri ýörite reýd geçiripdiler.

Şol barlaglardan soň, 19-sy amerikan raýaty bolan jemi 43 adam hökümetden aýry guramalarda bikanun iş alyp barandyklary üçin Müsür suduna çekilmeli edilipdi.

Olar Müsüriň harby häkimiýetlerine garşy protestleri goldanlykda hem aýyplanýarlar.
XS
SM
MD
LG