Sepleriň elýeterliligi

30-a golaý özbek metjidinde howpsuzlyk wideokameralary ornaşdyrylar


Häkimiýetler Özbegistanyň Namangan şäherinde ýerleşýän 30-a golaý metjitde howpsuzlyk wideokameralaryny ornaşdyrarlar.

Bu habary şäheriň iň uly metjidiniň adynyň agzalmagyny islemeýän wekili Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna tassyklady.

Ol kameralaryň metjide gelýänleri ogrulardan goramak üçin ornaşdyrylýandygyny aýtdy.

Bu täzelik ýerli ýaşaýjylaryň gaharyny getirdi diýlip, habar berilýär. Kameralaryň ornaşdyrylmagyna kimiň görkezme berendigi belli däl.

Özbegistanda dine uýýan islendik adam resmi taýdan hasaba alynmaly we hökümet tarapyndan makullanan dini işler bilen meşgullanmaly.

Fergana jülgesinde ýerleşýän Namangan şäheri Özbegistanyň iň dindar we konserwatiw regionlarynyň biri hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG