Sepleriň elýeterliligi

Žanaözende tussag edilen aktiwistlerden altysy goýberildi


Gazagystanyň Žanaözen şäherinde dekabr aýynda bolan ganly çaknyşykdan soň tussag edilen aktiwistlerden altysyna amnistiýa yglan edildi.

Bu barada Gazagystanyň Baş prokuraturasynyň resmisi Saparbek Nurpeýsow çarşenbe güni Žanaözen şaherine eden saparynyň dowamynda aýtdy.

Nurpeýsow galan 29 adama garşy gozgalan jenaýat işleriniň agyr bolmagy sebäpli, olaryň häzir azat edilip bilinmejekdigini nygtady.

Daşary ýurtly we gazagystany hukuk goraýjy aktiwistler Žanaözen wakalarynda häkimiýetleriň ýaragsyz protestçilere garşy ot açmagyny, protest geçiren nebitçileriň we oppozisiýanyň wekilleriniň tussag edilmegini ýiti tankytlaýarlar.
XS
SM
MD
LG