Sepleriň elýeterliligi

Serbiýa ÝB-e agzalyk üçin kandidatlyk statusy berildi


Brýusselde geçirilýän maslahatda Serbiýa Ýewropa Bileleşigine agza bolmagy üçin zerur bolan kandidatlyk statusy berildi.

Indi Serbiýanyň ÝB-e agza bolmak üçin birnäçe ýyllap garaşmaly bolmagy mümkin.

Serbiýa geçen ýylyň dekabr aýynda uruş jenaýatlaryny amala aşyranlykda aýyplanýan iki adamy halkara tribunalyna tabşyrany bäri kandidatlyk statusyna garaşyp gelýärdi.

Ýöne Germaniýa Serbiýadan Kosowa bilen gantnaşyklaryny sazlaşdyrmagy talap edip, prosesiň çalt geçmegine böwet döretdi.

Balkan ýurtlaryndan Horwatiýanyň Ýewropa Bileleşigine 2013-nji ýylda goşulmagyna garaşylýar.

2008-nji ýylda Serbiýadan garaşsyz bolan Kosowa hem ÝB bilen ýakyn aragatnaşyk saklamaga synanyşýar.
XS
SM
MD
LG