Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda azyndan 10 esger öldi


Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Hyber tire-taýpa sebitinde dörän çaknyşykda azyndan 10 esger we söweşijidir öýdülýän 23 adam öldi. Bu barada Pakistanyň resmileri habar berýärler.

Howpsuzlyk güýçleriniň berýän maglumatlaryna görä, şu günki çaknyşyk Owganystan bilen serhetde ýerleşýän Tirah jülgesinde döräp, ol alty sagat çemesi dowam edipdir.

Gowuşýan maglumatlara görä, söweşijiler howpsuzlyk barlag-gözegçiik nokadyna hüjüm edipdirler.
XS
SM
MD
LG