Sepleriň elýeterliligi

Putin protestleriň özüni güýçlendirendigini aýdýar


Putiniň sözlerine görä, ýakynda onuň syýasatyna garşy geçirilen protestler ony diňe güýçli dalaşgär edipdir.

Putiniň sözlerine görä, ýakynda onuň syýasatyna garşy geçirilen protestler ony diňe güýçli dalaşgär edipdir.

Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin daşary ýurt gazetleriniň redaktorlaryna beren interwýusunda ýurtda ýekşenbe güni geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda özüniň ýeňiş gazanjagyna ynanýandygyny aýtdy.

Şeýle-de, Putiniň sözlerine görä, ýakynda onuň syýasatyna garşy geçirilen protestler ony diňe güýçli dalaşgär edipdir.

Geçen ýylyň dekabrynda parlamente geçirilen saýlawlarda galplyklaryň bolandygyny öňe sürüp, ilat köpçülkleýin protestleri geçiripdi. Putin şol protestleriň “Orsýet üçin gowy tejribe bolandygyny” aýtdy.

Emma Putin oppozisiýanyň parlament saýlawlaryny täzeden geçirmek baradaky teklibini ret etdi. Şol saýlawlarda Putiniň partiýasy Döwlet Dumasyndaky orunlaryň köplügini alypdy.

Şeýle hem Putin özüniň garaşylýan ýeňşinden soň prezidentlikden gidýän Dmitriý Medwedewi premýer-ministrlige hödürlemek niýetiniň bardygyny gaýtalady.

Medwedew prezidentlige 2008-nji ýylda, Putin prezidentlikden çekilenden soň saýlanypdy.
XS
SM
MD
LG