Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda 47 adam terrorizmde aýyplanýar


Gazagystanyň günbataryndaky Atyrau şäherinde terrorizmde aýyplanýan 47 adamyň üstünden sud işi başlanar.

Baş prokuraturanyň resmisiniň berýän maglumatyna görä, 47 adam terror toparyny döretmekde, şäherde partlamalary gurnamakda we ony amala aşyrmakda aýyplanýarlar.

Aýyplanýanlaryň ählisi erkek kişi.

Geçen ýylyň oktýabrynda Atyrau şäherinde iki bomba hüjümi amala aşyrylypdy. Olaryň jogapkärçiligini “Jund al-hilafah”, ýagny “Halyfatyň esgerleri” atly topar öz üstüne aldy.
XS
SM
MD
LG