Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň prezidenti Nazarbaýew ÝHHG-ni tankytlady


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew
Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew
Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew ÝHHG-ni ýiti sözler bilen tankytlady.

Nazarbaýew anna güni çykyş edip, ÝHHG-niň gözegçileriniň ýurtdaky indiki saýlawlara çagyrylmazlygynyň mümkindigini hem duýdurdy.

Nazarbaýew ÝHHG-niň gözegçilerini tankytlap, olaryň “Gazagystana daşary ýurtdan basyş etmek üçin gurala öwrülendiklerini” aýtdy. Emma ol hiç bir ýurduň adyny agzamady.

2010-njy ýylda Gazagystan ÝHHG-e başlyklyk hem edipdi.
XS
SM
MD
LG