Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran saýlawlary: Ahmedinejadyň garşydaşlary öňde barýar


Eýranda şenbe güni çap bolan gazetlerde saýlawlara köp sanly adamlaryň gatnaşandygy aýdylýar.
Eýranda şenbe güni çap bolan gazetlerde saýlawlara köp sanly adamlaryň gatnaşandygy aýdylýar.
Eýranda geçirilen parlament saýlawlary boýunça gowuşýan deslapky maglumatlara görä, prezident Mahmud Ahmedinejadyň konserwatiw garşydaşlary öňde barýar.

Ýokary ruhany lider Aýatolla Aly Hameneýiniň tarapdalarynyň ýurduň ençeme regionlarynda ýeňiş gazanandygy aýdylýar.

Analitikleriň pikiriçe, ýurtda ykdysady ýagdaýyň pes bolmagy, şol sanda inflýasiýanyň derejesiniň ýokary bolmagy Ahmedinejadyň tarapdarlarynyň ýeňmek mümkinçiliklerini pese gaçyrýar.

Häzirki saýlawlar 2009-njy ýylda Ahmedinejadyň gaýtadan prezidentlige saýlanmagyndan soň geçirilýän ilkinji parlament saýlawlarydyr.

Eýranda şenbe güni çap bolan gazetlerde saýlawlara köp sanly adamlaryň gatnaşandygy aýdylýar.

Eýranyň resmi mediasynyň berýän maglumatyna görä, ses bermäge hukugy bolan 48 million adamyň 65%-i parlament saýlawlaryna gatnaşypdyr.

Aýatolla Hameneýi köp sanly adamlaryň ses bermäge gatnaşmagynyň Eýranyň duşmanlaryna garşy berk bir yşarat boljakdygyny aýtdy.

Emma Tähranyň käbir ýaşaýjylary ýurtdaky kynçylyklardan göwni çökgün bolup, ses berişlik netijesinde az zadyň üýtgejekdigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG