Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde prezidentlik saýlawlary geçirilýär


Premýer-ministr Wladimir Putin Moskwadaky saýlaw uçastogynda ses berýär, 4-nji mart, 2012-nji ýyl.
Premýer-ministr Wladimir Putin Moskwadaky saýlaw uçastogynda ses berýär, 4-nji mart, 2012-nji ýyl.
Orsýetde prezidentlik saýlawlary geçirilýär. Köpler Wladimir Putin ýeňiş gazanar diýip garaşýar. Üçünji möhlet prezidentlige dalaş edýän Putin dört kandidat bilen bäsleşýär.

Saýlaw resmileri Moskwa wagty bilen sagat 13:00-a çenli ýurt boýunça saýlawçylaryň 30 prosentiniň ses berendigini aýtdylar.

Saýlawlara meýletin gözegçilik edýän müňlerçe synçylaryň käbiri galplyklaryň bolandygyny aýdyp, özleriniň delil hasaplaýan materiallaryny internetde ýerleşdirdiler. Emma Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Wladimir Çurow haýsydyr bir gaplygyň bolanlygyny ret etdi.

Putiniň ýeňiş gazanmagyna garaşylýar

Orsýetde saýlawdan öň geçirilen pikir soralyşyklar Putiniň ilkinji tapgyrda sesleriň 60 prosente golaýyny alyp, ýeňiş gazanjakdygyny görkezýärdi. Saýlawda onuň bilen Kommunistik partiýadan Gennadiý Zýuganow, tüçjar Mihail Prohorow, Orsýetiň Liberal-demokratik partiýasyndan Wladimir Žirinowskiý we Senatyň öňki başlygy Sergeý Mironow bäselşýär.

Sibirdäki Krosnaýarskiý Kraýda Mihail Prohorow prezidentlige dalaş edýän bäş kandidatyň arasynda ilkinji bolup ses berişlige gatnaşdy. Ol saýlawda ýeňiş gazanmaga umyt edýändigini, şeýle hem özüniň bu saýlawa gatnaşmagynyň öz syýasy karýerasynyň başlangyjydygyny aýtdy.

Ol “täze partiýanyň eýýämden döredilýändigini” aýtdy. Prohorow Orsýetiň saýlawçylarynyň göwünli-göwünsiz hereket eden günleriniň yzda galandygyny belledi.

“Biziň raýatlarymyz syýasy göreşe aktiw gatnaşmaga başladylar. Men täze bir syýasy güýji döretmegi planlaşdyrýaryn” diýip, Prohorow aýtdy. “Bu düýbünden täze bolar, ol biziň raýatlarymyzy raýat jogapkärçiligi prinsipleri esasynda jebisleşdirer”.

Prohorow Moskwadan Sibire uçar arkaly bardy, ol ses bermek üçin şol ýerde hasaba alnypdy. Soňra ol 4,000 km. uzaklykdaky Moskwa dolanyp, saýlawlara gözegçilik etmek we habar serişdelerine interwýu bermek üçin haýal etmän aeroporta tarap ugrady.

Orsýet prezident saýlaýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:37 0:00

"Tandem"

Putin Orsýete 2000-2008-nji ýyllar aralygynda hem prezidentlik edipdi, emma ýurduň Konstitusiýasy oňa yzygiderli üçünji möhletde oturmaga ýol bermändi. 2008-nji ýylda Dmitriý Medwedew prezidentlige saýlanandan soň, ol premýer-ministr boldy.

Medwedewiň prezidentligi döwründe Putin bilen Medwedew “tandem” diýlip atlandyrylypdy, köpler bolsa ýurtdaky esasy kararlary Putiniň alýandygyna ynanýardy.

2011-nji ýylyň 4-nji dekabrynda geçirilen parlament saýlawlarynda Putiniň “Bütewi Orsýet” partiýasy ýeňiş gazanandan soň, Orsýetiň dürli künjeklerinde on müňlerçe adamlaryň gatnaşmagyna hökümete garşy birnäçe protest demonstrasiýalary geçirildi.

Protestçiler saýlawlarda galplyklaryň bolandygyndan şikaýat etdiler, Putiniň ýene prezident bolmagyna garşy çykyş etdiler. Putin bu demonstrasiýalary gurnan oppozisiýa toparlary bilen dialogy ýola goýmagy wada etdi.

Geçen dekabrdan bäri Putini goldap köpçülikleýin ýörişe çykan adamlar bolsa Putiniň prezident saýlanmagy Orsýetdäki durnuklylyk we howpsuzlyk üçin iň gowy kepillik diýýärler.

Orsýetiň Kawkaz regionynda raýatlar ses berýärler
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:14 0:00

Ýurduň dürli künjeklerindäki saýlaw uçastoklary ýerli wagt bilen sagat 8:00-de açylyp, 20:00-da ýapylýar. Ýekşenbe güni geçirilýän saýlaw üçin gurnalan 91,000 uçastokda 110 million adamyň ses bermäge hukugy bar.

Orsýetiň habar agentlikleri resmi akkreditasiýa alan 685 synçynyň saýlaw uçastoklaryna gözegçilik edýändigini aýdýarlar, olaryň 219-sy Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasyndan gelen gözegçiler. Saýlaw uçastoklarynda web kameralary hem oturdyldy.

Saýlaw güni demonstrasiýalaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin, Orsýetiň häkimiýetleri 380 müňden gowrak polisiýa güýçlerini ýurduň dürli künjeklerine iberdiler.
XS
SM
MD
LG