Sepleriň elýeterliligi

Putin ýeňiş gazanandygyny yglan etdi


Putin Moskwada özüniň tarapdarlarynyň geçiren ýörişinde çykyş edýär, 4-nji mart.

Putin Moskwada özüniň tarapdarlarynyň geçiren ýörişinde çykyş edýär, 4-nji mart.

Premýer-ministr Wladimir Putin Orsýetde geçirilen prezidentlik saýlawynda ses berişlikler tamamlanandan soň, gözüni ýaşdan dolduryp, ýeňiş gazanandygyny yglan etdi.

Putin Moskwada özüniň tarapdarlarynyň geçiren ýörişinde Medwedew bilen çykyş edip, “arassa ýeňiş” gazanandygyny aýtdy. Moskwanyň "Manež" meýdançasyna ýygnanan adamlaryň sanynyň 100 müňe barandygy çak edilýär.

Merkezi saýlaw komissiýasy sesleriň 25 prosentiniň sanalandygyny, deslapky netijeleriň Putiniň 63 prosentden gowrak sesler bilen ýeňiş gazanandygyny görkezýändigini aýtdy.

Kommunist lider Gennadiý Zýuganow 17,32 prosent bilen ikinji ýerde barýar. Tüçjar Mihail Prohorow bilen milletçi Wladimir Žirinowskiniň her biri bolsa takmynan 7,35 prosent ses aldy. Sergeý Mironowa berlen sesleriň 3,67 prosentigi aýdylýar.

Kommunist lider Zýuganow žurnalistlere saýlawda “hilegärlik” edilendigini we munuň “düýbünden adalatsyzdygyny” aýtdy. Ol saýlawyň kanuny hasaplanyp bilmejegini nygtady.

Öňki sowet prezidenti Mihail Gorbaçýow yglan edilen netijeleriň “jemgyýetiň hakyky halyny görkezip-görkezmeýändigi” barada “çynlakaý şübheleriň” bardygyny aýtdy.

Saýlaw resmileri, “Bütewi Orsýet” partiýasynyň agzalary we Putiniň saýlaw kampaniýasyny alyp baranlar saýlawyň geçirilişine ýokary baha berdiler we saýlaw prosesi barada şübhe oýarandyklary üçin, oppozision aktiwistleri tankytladylar.

Oppozision şahsyýetler we garaşsyz gözegçiler bolsa müňlerçe galplyklaryň bolandygyny aýdýarlar we saýlawlaryň kanunylygyny sorag astynda goýýarlar.

Liberal “Ýabloko” partiýasynyň başlygy Sergeý Mitrohin “Interfax” habar agentligine beren interwýusynda ses berişliklerde ençeme galplyklaryň bolandygy baradaky maglumatlar sebäpli “saýlawy kanuny hasaplamagyň kyndygyny” belledi.

Mundan az salym öň, öňki premýer-ministr we häzirki oppozisiýa lideri Mihail Kasýanow hem saýlawyň kanunylygyna şübhe bildirdi.

Kasýanow saýlawlardan soň dekabr aýyndaky ýaly köpçülikleýin protestleriň geçiriljegini çak etdi. Şol protestler parlament saýlawlaryndan soň geçirilipdi. Tankytçylar parlament saýlawlarynda galplyk edilendigini öňe sürüpdiler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG