Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Eýrana hüjüm gürrüňleri babatda ätiýaçlylyga çagyrdy


Obama Eýranda häzir ýadro ýaragynyň ýokdugyny, ýöne ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýranyň ýadro programmasynya ýakyndan gözegçilik edýändigini aýtdy.
Obama Eýranda häzir ýadro ýaragynyň ýokdugyny, ýöne ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýranyň ýadro programmasynya ýakyndan gözegçilik edýändigini aýtdy.
Ýekşenbe güni Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama “Eýran bilen söweş barada boş gürrüňleriň” köp edilýändigini aýtdy we “bu meseleleriň ähmiýeti” barada ýatlatdy.

—Biziň hemmämiz Ysraýylyň, Amerikanyň we bütin dünýäniň bähbidine degişli bu meseläniň möhümdigini ýatdan çykarmaly däldiris; bu hüjüm barada gaty köp boş gürrüňler edilýär. Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda bu gürrüňler diňe Eýran hökümetiniň bähbidine boldy. Bu ýagdaý Eýranyň ýadro programmasynyň maliýeleşdirilmegi üçin zerur bolan nebitiň bahasynyň ýokary galmagyna getirdi. Ysraýylyň, Amerikanyň howpsuzlygyny goramak hem-de dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň saklanmagy üçin gahar-gazaba ýol bermeli däl. Häzir güýçli basyşymyzyň netije bermegini we öz döreden giň halkara kaolisiýamyzy saklanyp galmagyny gazanmaly.

Obama bu çykyşyny Waşingtonda ýerleşýän Amerikan Ysraýyl Jemgyýetçilik Işleri Komitetinde (AIPAC) etdi. ABŞ-nyň prezidentiniň bu çykyşy birnäçe halkara media serişdeleriniň we aýratyn şahsyýetleriň Eýranyň ýadro programmasyny togtatmak üçin Ysraýylyň Eýrana garşy hüjüminiň gutulgysyzdygyny öňe sürmeginden soň edildi.

Eger-de Eýran ýadro ýaragyny edinse, “dünýäniň iň ynjyk regionlarynyň birindäki” beýleki ýurtlar hem ýaraglanmagyň ýoluny gözlärler diýip, Obama belledi. “Gürrüňsiz, regiondaky beýleki döwletler hem ýadro ýaragyny edinmäge mejburlyk duýarlar”. Regionda diňe Eýran ýadro ýaragyny edinäýen ýagdaýynda hem, ýadro ýaragynyň terrorçy toparlaryň eline düşmek ähtimallygy bar diýip, Obama sözüne goşdy.

Wagt we basyş

Obama Eýranda häzir ýadro ýaragynyň ýokdugyny, ýöne ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýranyň ýadro programmasynya ýakyndan gözegçilik edýändigini aýtdy. Ol Eýrana garşy girizilen halkara sanksiýalaryň işlemegi üçin wagtyň berilmegini we Eýranyň ýadro boýunça işlerini bes etmek üçin oňa basyş etmegi sorady.

ABŞ-a sapar edýän Ysraýylyň prezidenti Şimon Peres hem AIPAC-da gurnalan konferensiýa gatnaşdy. Peres Eýranyň ýadro ýaragyny öndürmeginiň öňüni almakda ABŞ-nyň tagallalary üçin Obama hoşallygyny bildirdi.

—Obama Eýrana garşy ykdysady we syýasy sanksiýalary girizmek boýunça çylşyrymly we aýgytly halkara syýasatyna ýolbaşçylyk edip gelýär we ony durmuşa geçirýär. Prezident Obama Eýranyň ýadro ýaragly döwlet bolmagyna ABŞ-nyň hiç wagt ýol bermejekdigini açyk aýtdy. Ol hereket etmekden saklanmagyň başarnykly syýasat däldigini açyk aýtdy. Prezidentiň aýdyşy ýaly, meseläniň çözgüdiniň ähli görnüşine garalýar.

Ýekşenbe güni Kanadada saparda bolan Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu duşenbe güni Obama bilen duşuşýar. Netanýahu Obamanyň konferensiýada eden çykyşyny eşideninden soň, onuň çykyşyny goldady.

Eýran öz ýadro programmasynyň parahatçylykly maksatlara gönükdirilendigini we ýadro ýaragyny döretmegi meýilleşdirmeýändigini yzygiderli aýdyp gelýär. Köp ýurtlar Tähranyň bu aýdýanlaryna ynamsyz garaýar. Ýadro programmasy boýunça has aýdyň hereket etmek barada BMG-niň çagyryşyny Tähranyň doly ýerine ýetirmezligi Eýranyň maksatlaryna bolan ynamsyzlygy has hem artdyrýar.
XS
SM
MD
LG