Sepleriň elýeterliligi

Buzly meýdançada typmaga isleg artýar


Bu köşgüň işgäriniň aýtmagyna görä, hepdäniň dynç günleri Buzly köşgüne gelýän adamlaryň sany köp.

Bu köşgüň işgäriniň aýtmagyna görä, hepdäniň dynç günleri Buzly köşgüne gelýän adamlaryň sany köp.

Fransuz kompaniýasy “Buigiň” 2006-njy ýylda Aşgabatda guran Buzly köşgüniň bahasy 21,5 million dollar. Umumy meýdany 8 müň kwadrat metr bolan Buzly köşgüniň buzly arenasynyň uzynlygy 60 metr, ini bolsa 30 metr. Bu ölçeg hokkeý meýdançasynyň ýewropa standartlaryna gabat gelýär.

Şeýle-de bu buzly meýdançada bir wagtda 150 adama buzda typmaga mümkinçilik bar. Buzly köşgüne buzda typmak üçin barýan aşgabatlylar hem az däl. Olaryň aglabasy çagalar we ýaşlar. 16 ýaşly Mekan şolaryň biri.

Mekan buzda typmagy 3 aýda öwrenendigini aýdýar:

—Iki ýyl boldy, Buzly köşgüne gatnap, buzda typýaryn. Men buzda typmagy öz dostlaryma hem öwretdim. Häzir biz bile Buzly köşgüne gatnaýarys.

Buzda typmak üçin konkileri bu köşkde girewine alyp bolýar. Buzly köşgüniň işgäriniň aýtmagyna görä, köşkde 27-nji razmerden tä 44-nji razmere çenli konkiler bar. Konkiler sagadyna 1 manat 60 teňňä girewine berilýär.

Öz ýanlary bilen konkilerini alyp gelenler bolsa buzly meýdançada 1 sagat typmak üçin 1 manat tölemeli. Ýeri gelende aýtsak, Buzly kögüniň münberlerinde oturyp tomaşa etmek üçinem 1 manat tölemeli.

Bu köşgüň işgäriniň aýtmagyna görä, hepdäniň dynç günleri Buzly köşgüne gelýän adamlaryň sany köp:

—Buzly köşgüniň adamsyz wagty ýok. Elmydama adam bar. Hepdäniň dynç günleri bolsa has-da köp bolýar. Şol günler gelýän adamlaryň sany 200-den hem geçýär. Mekdep kanikullarynda hem buzda typmaga gelýän çagalar we ýetginjekler köp.


Buzda typmaga isleg bildirýänleriň köpdügine garamazdan, buzda typmagy öwredýän ýörite instruktor ýok. Ýöne köşkde buzda figuralaýyn typmak we hokkeý sport seksiýalary hereket edýär. Bu seksiýalara ýörite medisina barlagyndan geçen çagalary we ýetginjekleri kabul edýärler. Seksiýalarda türgenleşmek mugt.

Ýurtda Buzly köşgüniň açylmagy bilen sportuň gyşky görnüşleri döredi. Buzly köşgünde ýaryşlar we beýleki sport çäreleri hem geçirilýär. Ýurtdaky hokkeý boýunça dört sany ýetginjekler komandalarynyň özara duşuşyklary hem şu köşkde geçýär.

Emma, Buzly köşgüniň işgäriniň aýtmagyna görä, geçen ýylyň oktýabr aýynda sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynyň açylmagy bilen indi hokkeý ýaryşlarynyň-da köplenç şol sport toplumynda geçirilmeginiň ähtimal.

Buzly köşgünde sport ýaryşlaryna tomaşa etmäge amatly şertler bar. Köşkde 1000 tomaşaça niýetlenen tribunalar bar. Emma tribunalary köplenç halatda mejbury getirilen tomaşaçylar bilen doldurmaly bolýandygyny Buzly köşgüniň işgäri aýdýar:

—Sportuň gyşky görnüşlerine janköýerlik edýän tomaşaçylar az. Buzly köşgüne gelip buzda typýanlaryň hem aglabasynyň gyşky sport görnüşleri bilen meşgullanmak niýetleri ýok. Olar üçin buzda typmak ýönekeý güýmenje. Hatda hokkeý we figuralaýyn typmak boýunça sport seksiýasyna gatnaýanlaryňam köpüsi-de sportuň bu görnüşleri bilen professional derejede meşgullanarlar öýdemok.

Iki ýyl bäri Buzly köşgüne gatnaýan 16 ýaşly Mekan hem sportuň gyşky görnüşleri bilen meşgullanmak isleginiň ýokdugyny aýdýar.

—Men Buzly köşgüne gyşky sport görnüşleri bilen meşgullanmaga gelemok. Meniň üçin buzda typmak diňe güýmenje. Sportuň bu görnüşleriniň biziň ýurdumyzda geljegi ýok diýen ýaly...

Gyşky sport görnüşleri bilen professional derejede meşgullanmak isleýänleriň hem-de janköýerleriň azdygyna garamazdan, Buzly köşgüniň buzly meýdançasynda typmaga gelýän adamlaryň sany azalanok. Buzly köşgüniň ilki açylaýan wagty bolsa buzda typmak üçin nobatlaryň hem bolandygyny köşgüň işgäri ýatlaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG