Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mätäji näme üçin ýatlanmaýar?


1-nji we 2-nji Gökdepe söweşlerine gatnaşandan soň, şahyryň ýazan goşgulary-da, olaryň tematikasy-da düýbünden başga bolupdyr.
1-nji we 2-nji Gökdepe söweşlerine gatnaşandan soň, şahyryň ýazan goşgulary-da, olaryň tematikasy-da düýbünden başga bolupdyr.

Türkmen sowet ensiklopediýasyndaky sanlara salgylansak, şu ýyl türkmen klassyky edebiýatynyň görnükli wekili Annagylyç Mätäjiniň ýubileý ýyly – onuň doglanyna tegelek 190 ýyl dolýar.


Annagylyç Mätäji Aşgabat şäherini etekläp oturan Köşi obasynda dünýä inipdir hem şol ýerde-de dünýäden ötüpdir. Şahyryň häzire çenli çap bolan goşgular ýygyndylarynyň sözbaşylarynda onuň ýaşan ýyllary 1824-1884-nji ýyllar diýlip görkezilýär. Türkmen sowet ensiklopediýasynyň 6-njy tomunyň (Aşg. 1984.) 117-nji sahypasynda bolsa bu seneler “1822-1884” diýlip görkezilýär.

Käbir taryhçylaryň we edebiýatçylaryň tassyklamaklaryna görä, Mätäji 60 ýaşlaryna çenli esasan liriki goşgulary ýazypdyr. Soňra 1-nji we 2-nji Gökdepe söweşlerine gatnaşandan soň, şahyryň ýazan goşgulary-da, olaryň tematikasy-da düýbünden başga bolupdyr. Ol watan, ar-namys hem adam ahlagy meseleleri barada goşgulary has köp ýazyp başlapdyr. Şondan çen tutulsa, ol 60-dan gowrak ýaşan bolmaly.

Ýöne bu ýerde esasy gürrüň onuň doglan senesi barada däl-de, eýsem onuň doglan gününiň Türkmenistanda resmi taýdan bellenmeýänliginde. Onuň kanoniki portretini döretmek, ýadygärliklerini goýmak, adyny ebedileşdirmek meselelerine-de şu çaka çenli kän bir üns berilmedi.

Şu ýagdaýyň töweregindäki meseleler bilen gyzyklanyp, ýazyjy Hudaýberdi Hally taryhy meseleleri ýakyndan öwrenýän graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow bilen söhbetdeş boldy.

Hudaýberdi Hally: Nurberdi, size ýüzlenmegimiziň sebäbi, siziň önüp-ösen obaňyz Mätäjiniň obasyna ýakyn. Belki, siz çagalykdan ol şahyr barada köp gürrüňleri, rowaýatlary eşiden bolsaňyz gerek. Gürrüňi Mätäjiniň döredijiliginden başlasak, siziň pikiriňizçe, sowet häkimiýeti ýyllarynda oňa ýeterlik üns berildi diýip bolarmy?

N. Nurmämmedow: 1940-njy ýyldan bäri Mätäjiniň goşgular ýygyndysy alty sany kiçijek kitapça görnüşinde çap edilipdir. Olaryň iň soňkusyny ýedi kitapdan ybarat “Ýedigen” kitaphanajygynyň düzüminde 1991-nji ýylda “Turan” neşirýaty çap edipdi. Şondan bäri 20 ýyl geçipdir. Indi özünde klassyk şahyrlarymyzyň ýedisiniň goşgy-kitapçalaryny jemläp, sowgatlyk neşirini ýatladan “Ýedigen” kitaphanajygy bilen birlikde onuň düzümindäki Mätjiniň goşgular kitapjygy satlyga çykarylmaýan bibliografik delçilige öwrüldi.

Aslynda Mätäjiniň kitabyny däl, eýsem ýubileýini bellemeli. Ýalňyşmaýan bolsam, basym Mätäjiniň dünýä inmegine 190 ýyl dolýar. Gawun-garpyz baýramçylygyny edip ýören garaşsyz döwletimize Gökdepe uruşlarynyň ikisinde-de döş gerip, Watany goran klassyk şahyrymyz Mätäjiniň ýubileýini bellemek kyn düşmese gerek.

Hudaýberdi Hally: Nurberdi, onuň bellenmeýäniniň sebäbi näme bolmagy mümkin?

N. Nurmämmedow: Şunuň degerli-degersiz birnäçe sebäbi bolmagy mümkin. Men şolaryň degerlileriniň biri hakda gürlemekçi. Orsýet Türkmenistany basybalyjy uruş bilen özüne birikdirdi. Türkmen halkyny syýasy, ykdysady hem medeni özbaşdaklykdan mahrum etdi. Basybalyjylygyny tasa getirmek üçinem şol gabahatlygy “Türkmenistanyň Orsýete meýletin birikmegi” diýen syýasy konsepsiýa hökmünde özbaşdaklygyny ýitiren Sowet Türkmenistanyna ykrar etdirdi. Bu kolonial syýasatyň miwesidi. Şol kolonial syýasat daşary syýasatdan mahrum Sowet Türkmenistanynyň içerki syýasatynyň özenidi. Şol syýasata sygynmadyk gerçekler “halk duşmany” hökmünde atyldy, taryham taryhlygyny ýitirdi. Asyl, aýap goýlan zat galmady diýen ýaly. Şeýle ýagdaýda Mätäjiniň ýubileýiniň bellenmezligi tebigy zada öwrülýär.

Hudaýberdi Hally: Onda sen Mätäjiniň ýubileýiniň bellenmezligini kolonial syýasatyň netijesi diýip hasaplaýaňmy?

Sowet Türkmenistanynda Mätäjiniň ýubileýini bellemekligiň Türkmenistanyň Orsýete meýletin birikdirilendigi baradaky syýasy konsepsiýanyň üstünden atanak çekmeklik boljakdygy, şonuň üçin metropoliýanyň ýubileýe rugsat bermejekdigi belli zatdy.
Nurberdi Nurmämmedow

N. Nurmämmedow: Eýsem, kolonial syýasatdan başga näme sebäp bolsun. Annagylyç Mätäji Gökdepe uruşlarynyň ikisine-de ogly Molladurdy bilen bile gatnaşyp, Watany orslardan goraýar. Onsoň Sowet Türkmenistanynda Mätäjiniň ýubileýini bellemekligiň Türkmenistanyň Orsýete meýletin birikdirilendigi baradaky syýasy konsepsiýanyň üstünden atanak çekmeklik boljakdygy, şonuň üçin metropoliýanyň ýubileýe rugsat bermejekdigi belli zatdy.

Hudaýberdi Hally: Her halda, Mätäjiniň halk arasynda ýaşap gelmegine näme sebäp boldy?

N. Nurmämmedow: Onuň eserleriniň aglaba bölegi halk aýdymlaryna öwrülipdir ahyryn. Halky lal etjek güýç bolarmy?

Hudaýberdi Hally: Şahyryň watançylyk temasyna dolansak, bu barada şahyryň eserlerinde ýa-da oňa ýazylan sözbaşylarda açyk maglumata duşduňmy?

N. Nurmämmedow: Şahyryň şu wagta çenli çap edilen goşgylar ýygyndylarynyň sözbaşylarynda Mätäjiniň Gökdepe uruşlaryna gatnaşandygy barada maglumat berilmändir. Onuň Gökdepe uruşlary barada ýazan goşgularam ýygyndylara girizilmändir. Ýogsa ol Gökdepe uruşlaryna gatnaşypdyr. Bu barada “Gökdepe urşy hakynda goşgular” atly “Turan-1” neşirýatynyň 1992-nji jylda çap eden kitapçasynda ýazylan. Ol ýerde Mätäjiniň Gökdepe urşuna degişli iki goşgusy ýerleşdirilipdir. Şolardan bir goşga 1-nji Gökdepe urşunda gazanylan ýeňşe bagyşlanan oda diýseňem boljak.

Hudaýberdi Hally: Türkmenistan öz Garaşsyzlygyna gowşaly bäri 20 ýyl geçdi.

N. Nurmämmedow: Bu, hakykatdanam, şeýle. Döwletimize Watan gerçekleriniň sarpasyny belent tutmaga wagt ýetdi.

Hudaýberdi Hally: Beýle çäreler nämeden başlansa gowy bolar?

N. Nurmämmedow: Mätäjiniň goşgular ýygyndysy asyl nusgasunda hem-de dolulygyna çap edilip, halkymyza hödürlense gowy boljak. Ýogsa Mätäjiniň häzire çenli çap edilen kitapçalarynyň dizaýny işlenilmändir, neşirde grammatiki harsallyklar köp goýberilipdir diýmäniňde-de, ýygyndylara girizilen goşgulary gysgaltmak ýa-da üýtgetmek ýaly ýolberilmesiz ýagdaýyň bolandygy meniň ýaly poeziýanyň ýönekeý muşdagyna-da mese-mälim bildirýär.

Hudaýberdi Hally: Mysal getirip bilermiň?

N. Nurmämmedow: 1954-nji ýylda çap edilen kitapçanyň sözbaşysynda şahyryň dört-bäş sany goşgusynyň özüniň many tarapdan şu günki günde ähmiýetini ýitirenligi üçin, çap edilmegi makul görülmän galdyrylanlygy açyk ýazylýar. Çap edilenleriniňem käbiriniň aýry-aýry beýitleriniň şol sebäpden düşürilendigi adaty iş hökmünde gypynçsyz aýdylýar. Onsoň kitapçadaky “Är dörär” atly goşgynyň başy bilen aýagynyň sazlaşmaýandygynyň sebäbini agtaryp başlaýaň. Bu goşgy Gökdepe urşunda erkinligini aldyran halkyň milli adaty bilen däp-dessurynam aldyraýsa, düşjek güni baradaky oýlanma meňzeýär. Ýöne goşgynyň 4-nji bendi yşky-lirika ýugrulyp, ol many-mazmuny babatda ýokarda gelýän üç beýit bilen sazlaşanok. Onsoňam şol goşgyň öňi bilen ardam ýok ýaly. Bu dört bentlik goşgy kolonial syýasatyň talaplaryna laýyk üýtgedilene meňzeýär. Sözbaşylarda Annagylyç Mätäji ömrüni mätäçlikde geçiren garyp hökmünde suratlandyrylýar. Şol wagtyň özünde-de onuň bir haýatlyk üzüm bagynyň bolanlygy aýdylýar. Diýmek, onuň mülk ýeri bolupdyr, mülk ýeri bolan adamyň mätäçlik çekýän garyp boljagyna ynanmak kyn. Mätäji özüniň lakam edinişini “Elden gider” goşgusynda açyk-aýdyň aýdyp durka-da, sözbaşylarda lakamyň garyplygyň çuňňurlyklaryndan erjellik bilen gözlenmegi-de geňirgendirýär.

Şuňa meňzeş säwliklere garamazdan, Mätäjiniň kitapçalary höwes bilen okalýar. Ilat arasynda aýdylyşyna görä, Annagylyç Mätäji 1884-nji ýylda, uruşda alan ýarasy sebäpli aradan çykýar. Ol halkyň aňynda hem ýadynda özüniň lirikasy bilen ömürlik ýaşar. Ol ömürlik hormata watançylygy bilenem mynasypdyr. Wagt geler, oňa hem onuň bilen Gökdepe urşunyň beýleki gerçeklerine ýadygärlikler dikeldiler. Ýagşy umytda bolalyň!
XS
SM
MD
LG