Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara synçylary: saýlawlar Putiniň haýryna gönükdirildi


Saýlawlara syn edýän halkara topary Orsýetiň prezidentiniň saýlawlary premýer-ministr Wladimir Putiniň haýryna gönükdirildi diýýär.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gysga möhletli synçy toparynyň başlygy Tonino Pikula duşenbe güni eden beýanatynda saýlawlarda “hakyky bäsdeşligiň bolmandygyny” aýtdy.

Şeýle hem ol “hökümetiň serişdeleriniň bikanun ulanylmagy ýeňijiniň kim boljagyna şübhe galdyrmady” diýdi.

Halkara synçylary ýekşenbe güni geçirilen saýlawlarda güman edilýän bidüzgünçilikler boýunça düýpli derňew geçirmeklige çagyryş etdiler.

Orsýetiň Merkezi saýlaw komissiýasy Putiniň saýlawlarda ýeňiş gazanandygyny duşenbe güni irden yglan etdi. Onuň 64 prosente golaý ses alandygy aýdylýar.

Orsýetiň garaşsyz synçylary müňlerçe galplyklaryň bolandygyny aýdýarlar. Olaryň arasynda bir adamyň birnäçe gezek ses bermegi we býulletenleri doldurmak boýunça düzgün bozmalar agzalýar.
XS
SM
MD
LG