Sepleriň elýeterliligi

Kreml Hodorkowskiniň işine täzeden garamagy buýurdy


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew ozalky nebit tütjary Mihail Hodorkowskiniň tussaglykda oturmagynyň kanunylygyna täzeden garamaga buýruk berdi.

Halkara hukuk goraýjy toparlar, şol sanda “Amnesty International” guramasy Hodorkowskini tussag edilen dissident hasaplaýarlar.

Kreml bu beýanaty Orsýetde geçirilen prezident saýlawlaryndan bir gün soň, duşenbe güni yglan etdi.

Bu saýlawlarda premýer-ministr Wladimir Putiniň üstünlik gazanandygy yglan edildi. Ol indi prezidentlik wezipesiniň üçünji möhletine dolanýar.

Medwedew Baş prokuratura beren görkezmesinde Hodorkowskiniň işi boýunça derňewi 1-nji aprele çenli tamamlamagy tabşyrdy.

Kreml jemi 32 adamyň, şol sanda Hodorkowskiniň hyzmatdaşy Platon Lebedewiň işi boýunça täzeden derňew geçirmäge görkezme berdi.

“Ýukos” nebit kompaniýasynyň ozalky başlygy Mihail Hodorkowskiý 2003-nji ýylda tussag edilipdi. Halkara “Amnesty International” guramasy Hodorkowskini “wyždan ýesiri” diýip yglan etdi.
XS
SM
MD
LG