Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda 8-nji mart Halkara aýallar gününiň öňüsyrasynda aýal-gyzlara prezidentiň adyndan sowgat gowşurylýar. Resmi maglumatlara görä, dürli ýaşdaky aýal-gyzlara 40 manat, ýagny 14 amerikan dollary möçberinde pul sowgady berilýär. Köpçagaly eneler bolsa aýratyn sylaglanýar.


Türkmenistanda köpçagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly at berildi.

Prezidentiň adyndan her ýylda gowşurylýan bu hormatly ada sekiz we has köp çagaly aýallar mynasyp bolýarlar. Şu ýyl bu at bilen 160 çemesi ene sylaglanýar. Bu barada Türkmenistanyň hökümetiniň 2-nji martda geçiren maslahatynda yglan edildi.

Resmi maglumatlara görä, “Ene mähri” adyna eýe bolan zenanlara döşüne dakylýan bellik we şahadatnama gowşurylýar. Olara şeýle-de pensiýalaryň minimal derejesinden on esse köpeldilen möçberde pul sowgady hem berilýär.

Şu ýyl “Ene mähri” adyna mynasyp bolan eneleriň arasynda mekdep mugallymlarynyň, medisina we medeniýet wekilleriniň, önümçilik işgärleriniň kärendeçi zenanlaryň, oba zähmetkeşleriniň, hatda maldarçylyk bileleşikleriniň birinde işleýän çopan zenanyň hem bardygy habar berildi.

“Ene mähri” sylagy 2008-nji ýylda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan esaslandyryldy.

Köpçagalylyga isleg

Şol bir wagtda-da şu günki gün Türkmenistanda çaga dogurmaga islegiň gitdigiçe azalýanlygyny ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar. Aşgabatly pensioner zenan Gülnabat Dädäýewa munuň sebäbini maşgalalaryň ýeter-ýetmezçilik şertlerde ýaşaýanlygynda görýär:

—Näçe diýseň, dört çagalylar, bäş çagalylar bar. Olar özlerini oňaryp bilenok. Iş ýok erkeklere, firmalarda işleýärler. Firmalar hem olara aýlyk berip bilenok wagtynda.

“Ene mähri” adyna eýe bolan zenanlara döşüne dakylýan bellik we şahadatnama gowşurylýar.

“Ene mähri” adyna eýe bolan zenanlara döşüne dakylýan bellik we şahadatnama gowşurylýar.

Azatlyk Raidosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanly eneler şeýle-de, durmuşyň gitdigiçe gymmatlamagy, ýaşaýyş jaýlaryň ýetmezçiligi, medisina hyzmatlarynyň bolsa bahasy galyp, hiliniň peselmegi ýaly sosial problemalaryň çaga dogluşyna böwet bolýanlygyny gürrüň berýärler.

Aşgabatly Gülnabat Dädäýewa eneleriň hatda çagalary iýmitlendirmekde-de kynçylyk çekýänligini gürrüň berdi:

—Köp çagalylaryň zeýrenip ýöreni kän. Ir wagtdan çagajyklar emmeden aýrylýarlar. Onsoň olaryň kaşalary bar, şolaram şeýle bir gymmat. Onam, elýeterli bolmansoň, hemme kişi alyp bilenok. Çagajyklaryňam köpüsi keselleýär onsoň. Süýt kuhnýasy bolsady. Şu wagt ekiz çagalylar bolýar. Enerlerde süýt bolanok, emma çagalaryna şol ýörite süýt kaşalardan alyp bermäge ýagdaýy bolanok. Ýaman gymmat şolar.

Orsýetdäki tejribeler

Çaga dogluş derejesini ýokarlandyrmak problemasyna şu günki gün dünýäniň köp ýurtlarynda üns berilýär. Käbir ýurtlarda bu ugurdan döwlet derejesinde çäre görülýär.

Orsýetde 2007-nji ýyldan bäri “Ene kapitaly” atly ýörite programma alnyp barylýar. Ikinji çaga dünýä inende, bu programmanyň çäginde enä 30 müň dollar möçberinde pul sertifikaty berilýär. Emma bu puly çaganyň geljekde bilim almagy üçin ýa jaý satyn almak üçin töleg hökmünde çäkli görnüşde ulanyp bolýar.

Emma, häkimiýetleriň bu döwlet programmasynyň üstünlikli alnyp barylýar diýip yglan etmegine garamazdan, şu günki gün Orsýetde köp eneleriň çaga dogurmakdan saklanýanlygyny we muňa döwlet tarapyndan meselä hakyky üns berilmezliginiň sebäp bolýanlygyny orsýetli zenanlar aýdýarlar.

Moskwaly pensioner we üç ýaşly çaganyň mamasy Zoýa, resmi düzgünlere laýyklykda çaga bir ýarym ýaşansoň, döwlet tarapyndan berilýän maliýe kömeginiň kesilenligini gürrüň berdi. Şol sebäpden ol häzirki wagtda çaga dogluşyň ösüşi üçin yglan edýän döwlet çäreleriniň propagandistik maksatlara eýerýänligini belleýär.

Şol bir wagtda-da Orsýetde, hususan-da çagalaryň ýaşamagy üçin zerur serişdeleriň resmi taýdan kesgitlenen minimal derejesi 2011-nji ýylyň aýagynda 6076 rubla, ýagny 200 dollara ýetipdi. Çagalara tölenýän kömek puly bolsa, umuman aýdylanda, 50 dollara barabar.

Türkmenistanda çagany eklemek üçin döwlet tarapyndan berilýän maliýe kömegi çaga üç ýaşaýança tölenýär. Häzirki wagtda bu töleg aýda 90 manat çemesi ýa-da 35 dollara barabar. Emma ýurtda ýaşaýyş üçin çykdajylaryň minimal derejesi kesgitlenmän galýar.

Türkmenistanyň hökümeti ýurtda enerlere, çagalara, maşgala ojagyna uly hormat goýulýanlygyny yglan edýär. Resmi maglumatlara görä, ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan işlenip düzülen maşgala kodeksi 1-nji aprelden güýje girer.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG