Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Edward Lukas Putiniň dolanmagy barada: ‘Ähli zat garym-gatym bolar’


Lukas: "Putin söweşde utuş gazansa-da, uruşda ýeňildi".
Lukas: "Putin söweşde utuş gazansa-da, uruşda ýeňildi".
Wladimir Putiniň täzeden prezidentlige saýlanmagy we onuň netijeleri barada Britaniýanyň "The Economist" hepdeliginiň habarçysy Edward Lukas bilen söhbetdeşlik. Söhbetdeşligi alyp baran Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň korrespondenti Braýn Uitmor.

Azatlyk Radiosy: Garaşylyşy ýaly, Wladimir Putin ýene bir möhlet Kremle gelýär. Oppozisiýa hem öz göreşlerinden el üzerli görnenok. Siziň garaýşyňyzça, bolýan wakalar indi haýsy ugra gönüger?

Edward Lukas
Edward Lukas
Edward Lukas: Meniň pikirimçe, Putin söweşde utuş gazansa-da, uruşda ýeňildi. Ol uruşda iki manyda ýeňildi. Onuň saýlaw kampaniýasynda beren wadalary ýerine ýetirip boljak wadalar däl. Nebitiň bahasy bir barrele 110 dollarka ol bu işi edip bilmez. Şeýdip, onuň tarapdarlary lapykeçlige uçrar. Ol Orsýet döwrebaplyga, plýuralistik syýasy sistema tarap barýar diýip, protestçileri hem ynandyryp bilmez. Uruşda bu-da bir ýeňliş.

Azatlyk Radiosy: Putiniň täzeden prezident bolmagy Orsýet-Günbatar gatnaşyklarynda nämeleriň bolýandygyny görkezýär?

Edward Lukas: Kampaniýa döwründe: hem Lužniki stadionynda bolan çykyşynda hem-de ”Moskowskiýe” newostidäki” makalasynda görlen anti-günbatarçylyk – öz tarapdarlaryny örüzmek maksady bilen ulanylan taktikamy ýa-da Putiniň öz hakyky keşbini görkezmegimi – Günbatar üçin sorag şu.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, ol bularyň haýsysy?

Putiniň düýp garaýşy doga Günbatara garşy. 2004-nji ýyldaky Beslan wakasynda görşümiz ýaly, ol gysyş astyna düşende şoňa ýapyşýar.
Edward Lukas

Edward Lukas: Men bu onuň esasy häsiýeti diýip pikir edýärin. Bu Medwedewiň döwründe beýle ýüze çykmaýardy. Ol 2007-nji we 2008-nji ýyllarda käbir zatlaryň kontrollykdan çykandygyny aňdy, çemeleşişini ýumşatmak isledi. Medwedew bu işi örän gowy etdi. Olar Birleşen Ştatlar bilen gatnaşyklaryň täzeden başlanmagyny we isleýän beýleki zatlaryny aldylar. Ýöne Putiniň düýp garaýşy doga Günbatara garşy. 2004-nji ýyldaky Beslan wakasynda görşümiz ýaly, ol gysyş astyna düşende şoňa ýapyşýar. Meniň pikirimçe, biz muňa indi az däl-de, has köp şaýat bolarys.

Azatlyk Radiosy: Öňki maliýe ministri Kudrin ýaly elita degişli adamlaryň aglabasy nebit-gaza garaşlylykdan dynyp, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmek, syýasy sistemany açmak ýaly reformalaryň zerurdygyny Putine nygtap aýtdylar. Bu barada bir mümkinçilik göze ilýärmi?

Edward Lukas: Ol çyndan reforma geçirjek bolsa, 8 ýyllap elinde çäksiz gudrat, çaksiz pul boldy. Ýöne reforma geçirmedi. Reformanyň gürrüňini eden Medwedewiň prezidentlik döwründe hem ýene 4 ýyl wagt bardy. Munda-da bolan zat ýok. Şol sebäpden indi bu bolar diýip pikir etmek gaty kyn.

Azatlyk Radiosy: Putiniň ýurdy haýsy ugra alyp barýandygyny bilmek üçin biz näme alamatlara üns bermeli?

Edward Lucas: Hökümet düzülende nämeleriň bolýandygyny daşyndan az-kem görüp bileris. Wezipä gelýänler dinozawrlar we berk pikirli adamlarmy ýa-da Kudrin ýaly ýüzleý liberallarmy? Ýöne hakyky göreş sahnalaryň aňyrsynda bolup geçer. Sebäbi Putiniň töweregindäki we onuň yzyndaky adamlar mundan halys doýdular. Olar talaňçylyk maşyny ýaly bir zat döretdiler. Bu olara hem tebigy resurslardan hem-de býurokratiýa rentasyndan 10 milliardlarça dollar getirdi. Olar munuň durzulmagyny islänoklar.

Azatlyk Radiosy: Reformalaryň öňünde duran başga päsgelçilikler barmy?

Edward Lukas: Hakyky reforma kanun hökümdarlygyny, açyk mediany öz içine alýar, esasy mesele şu. Kanun hökümdarlygy we açyk media bolan badyna hem jenap Putin we onuň ýaranlary barada gaty tapawutly soraglar berler. Bular nähili baýady? Bu pullar nirä gitdi? Munça adamy kim öldürdi? Ýasama däl-de, çyndan açyk syýasy sistema bolsa, adamlar derrew şular ýaly soraglary berip, jogap islärler.

Azatlyk Radiosy: Reforma, ygtyýar we täsir meselesinde ýurduň elitasynyň arasynda bütinleý tapawutly pikirler bara meňzeýär. Munuň näme täsiri bar?

Oppozisiýa üstün çykardan ejiz. Häkimiýetleriň hem olary basyp ýatyrara başarnygy ýok. Häkimiýetler olary basyp ýatyryp bilmez. Şol sebäpden uzak we gutarnyksyz göreş bolar.
Edward Lukas

Edward Lukas: Elita hiç haçan hem agzybir däldi. Çuň bölünişikler hemişe bardy. Bular bir gurt sürüsi ýaly bir zat. Hemmesi biri-birine agyz salsalar-da, başlygyň yzyna eýerýärler. Indi bolsa, başlyk garry hem gotur görünýär. Şol sebäpden gurt sürüsiniň içindäkileriň käbiri özi başlyk bolmak barada oýlanýar ýa-da başga biri başlyk bolsa, öz ýagdaýynyň ýaramaşlaşaryndan gorkýar. Şeýlelikde sahnalaryň aňyrsynda iteleşik, basalaşyk barýar. Bu iteleşikler indi öňkülerinden köp. Munuň sebäbi hem Putiniň gowşakdygy.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Protest hereketiniň güýji entek ýokary ýaly. Siziň suratlandyryşyňyz ýaly, elitanyň hem boýun egme ähtimaly ýok. Onsoň biz indi nämelere garaşmaly?

Edward Lukas: Meniň pikirimçe, ähli zat garym-gatym bolar. Oppozisiýa üstün çykardan ejiz. Häkimiýetleriň hem olary basyp ýatyrara başarnygy ýok. Häkimiýetler olary basyp ýatyryp bilmez. Şol sebäpden uzak we gutarnyksyz göreş bolar. Esasy sorag häkimiýetleriň mundan çykmak üçin näme mekir-hilelere ýüz urjakdygy.
XS
SM
MD
LG