Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: üç oppozisiýa lideri sişenbe güni suda çagyryldy


Orsýetiň üç esasy oppozisiýa lideri hepdäniň sişenbe güni suda çagyryldy. Olara prezident saýlawlarynda Wladimir Putiniň ýeňiş gazanmagyna garşy geçiren protestleri bilen bagly aýyplama bildirilýär.

Alekseý Nawalny, Sergeý Udaltsow we Ilýa Ýaşin polisiýa tarapyndan Moskwada duşenbe güni rugsat almazdan geçirilen protestde saklanyp, soňra goýberildi.

Nawalny we Udaltsow administratiw düzgün bozmada aýyplanýarlar we olara 2 müň rubla golaý ($70 töweregi) jerime salnar.

Ýaşin ýörüş geçirmekligiň düzgünlerini bozanlykda aýyplanýar we oňa 15 gün azatlykdan mahrum edilmek jezasy garaşýar.

Polisiýa Moskwada 250 töweregi, Sank Peterburgda bolsa 300 töweregi adamy tussag etdi.
XS
SM
MD
LG