Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý Eýrana atom ýaragy boýunça duýduryşyny gaýtalaýar


Hytaýyň daşary işler ministri Ýaň Jieçi
Hytaýyň daşary işler ministri Ýaň Jieçi
Hytaýyň daşary işler ministri Ýaň Jieçi Eýranyň atom ýaragyna eýe bolmagyna Pekiniň garşy durýandygyny gaýtalady.

Metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda Ýaň “Ýakyn Gündogarda, şol sanda Eýranda ýadro ýaragyny öndürmeklige we edinmeklige Hytaý garşy durýar” diýdi.

Ýöne, şol bir wagtyň özünde, Ýaň Eýranyň parahat maksatlar üçin niýetlenen atom energiýasyny edinmäge hukugynyň bardygyna ünsi çekdi.

Şeýle hem Ýaň “birtaraplaýyn sanksiýalara” garşy duýduryş berdi.

Ýaň bu beýanatyny Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň Eýranyň ýadro programmasy boýunça duşenbe güni geçiren gepleşiklerinden soň etdi.

Eýran öz ýadro programmasynyň parahatçylykly maksatlara gönükdirilendigini tekrarlaýar, ýöne käbirleri Tähranyň ýadro programmasynyň atom ýaragyny döretmeklige gönükdirilendigini aýdýarlar.

Netanýahunyň bu sapary Eýranyň ýadro desgalaryna garşy Ysraýylyň prewentiw hüjümi amala aşyrmak ähtimallygy baradaky çaklamalaryň köpelen döwrüne gabat geldi.
XS
SM
MD
LG