Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Almatyda polisiýa üç oppozisiýa aktiwistini tussag etdi


Žanaözen, 2012-nji ýylyň ýanwar aýy.
Žanaözen, 2012-nji ýylyň ýanwar aýy.
Gazagystanyň Almaty şäheriniň polisiýasy hasaba alynmadyk “Alga” partiýasynyň üç sany aktiwistini tussag etdi.

Tussag edilen aktiwistleriň biri Erlan Kaliýew üç aktiwistiň Žanaözen şäherinde pida bolanlaryň hatyrasyna 24-nji marta planlaşdyrylan ýörişler barada listowka ýaýradýan wagtlary ele salnandyklary barada habar berdi.

Geçen dekabr aýynda Žanaözen şäherinde nebitçileriň protest çykyşlarynda howpsuzlyk güýçleri bilen polisiýa 16 adamy atyp öldürdi. Şol çaknyşykda 100 töweregi adam ýaralandy.

“Alga” partiýasynyň lideri Wladimir Kozlow Žanaözen şäherindäki tolgunyşyk bilen bagly ýanwar aýynda tussag edildi. Oňa garşy sosial ýigrenji öjükdirmek boýunça aýyplama bildirildi.
XS
SM
MD
LG