Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky gyrgyz prezidentiniň türmedäki dogany ýitirim boldy


Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň dogany Akmat Bakyýew
Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň dogany Akmat Bakyýew
Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň dogany ýitirim boldy. Onuň türmeden gaçan bolmagynyň ähtimaldygy aýdylýar.

Gyrgyzystanyň türmeler boýunça döwlet gullugynyň sözçüsiniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, pnewmaniýa keseli sebäpli türmäniň keselhanasynda saklanan Akmat Bakyýew 3-nji martda ýitirim bolupdyr.

Akmat Bakyýew geçen awgust aýynda 7 ýarym ýyl möhlet bilen türmä salnypdy. Oňa dogany prezidentlik wezipesinden agdarylanyndan soň 2010-njy ýylyň maý we iýun aýlarynda köpçülikleýin tolgunyşygy gurnanlykda we howpsuzlyk güýçleriniň resmilerine bikanun hüjüm edenlikde günä bildirildi.

Ol 2010-njy ýylyň tomsunda günortadaky Oş şäherinde milletara ganly çaknyşyklara gatnaşanlykda hem aýyplandy.

Wezipesinden agdarylan prezident Kurmanbek Bakyýew häzir Belarusda ýaşaýar. Ol 2010-njy ýylyň aprelinde protestçilere garşy ot açmak barada beren buýrugy sebäpli Gyrgyzystanda gaýbana sud edildi. Şol çaknyşykda 100-e golaý protestçi atylyp öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG