Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Putiniň sözçüsi protestçileriň tussag edilmegini goldady


Duşenbe güni 500-den gowrak protestçi, şol sanda käbir öňdebaryjy oppozisiýa liderleri Moskwada we Sankt-Peterburgda ýörişe çykdylar.

Duşenbe güni 500-den gowrak protestçi, şol sanda käbir öňdebaryjy oppozisiýa liderleri Moskwada we Sankt-Peterburgda ýörişe çykdylar.

Wladimir Putiniň sözçüsi Orsýetiň prezident saýlawlaryna protest bildirip, ýörişe çykan ýüzleçe adamyň tussag edilmeginiň tarapyny tutup çykyş etdi.

Ýekşenbe güni geçirilen prezident saýlawlarynyň resmi netijelerine görä, häzirki premiýer-ministr Putin sesleriň 64 prosent töweregi bilen prezident wezipesini eýelemekde doly ýeňiş gazanypdyr.

Duşenbe güni 500-den gowrak protestçi, şol sanda käbir öňdebaryjy oppozisiýa liderleri Moskwada we Sankt-Peterburgda gurnalan rusgatsyz ýörişlere gatnaşandyklary ýa-da polisiýanyň dargamak baradaky görkezmesine boýun egmändikleri üçin tussag edildiler.

Putiniň sözçüsi Dmitriý Peskow protestçiler bilen çemeleşmekde polisiýanyň “ýokary derejeli professionallyk” we netijelilik görkezendigini aýtdy.

Tussag edilen protestçileriň köpüsi eýýäm boşadyldy, ýöne olaryň käbirleri proteste gatnaşmakda aýyplanyp, sişenbe güni suda çagyryldy.
XS
SM
MD
LG