Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Siriýadan ynsanperwerlik geçelgesini talap edýär


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan “Adalat we Galkynyş” partiýasynyň kanun çykaryjylary bilen geçiren duşuşygynda, 6-njy mart.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan “Adalat we Galkynyş” partiýasynyň kanun çykaryjylary bilen geçiren duşuşygynda, 6-njy mart.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan Siriýanyň häkimiýetlerini ýurtda režime garşy protestlerde aýyplanyp, hökümet tarapyndan howp abandyrylýan raýatlar üçin haýdan-haý ynsanperwerlik geçelgesini döretmäge çagyrdy.

“Adalat we Galkynyş” partiýasynyň kanun çykaryjylary bilen sişenbe güni geçiren duşuşygynda Erdogan parahat ilata üpjünçilik kömegini bermek üçin Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada basyş etmek barada halkara jemgyýetçiligine çagyryş etdi.

—Men Başar Assada ýene bir gezek ýatladýaryn, onuň kakasy öz eden işleri üçin bu dünýäde jogapkärçilige çekilmedi, ýöne irde-giçde ogul Assad bu zalymlygy we gyrgynçylygy üçin jogap bermeli bolar — diýip, Erdogan aýtdy.

Türkiýäniň Siriýa bilen serhedi 910 kilometrdir.

Türkiýäniň hökümetiniň berýän sanlaryna görä, bir ýyl mundan ozal howpsuzlyk güýçleri Assadyň režimine garşy gozgalaňlary basyp ýatyrmaga başlany bäri 11 müň töweregi siriýaly bosgun Türkiýä gaçyp gelipdir.

Erdogan özüniň ozalky ýarany Assadyň iň ýiti tankytçylarynyň biri boldy. BMG-niň hasabyna görä, Siriýada howpsuzlyk güýçleriniň protestçilere garşy zorluk ulanmagy 7 müň 500-den gowrak adamyň ölümine sebäp bolupdyr.
XS
SM
MD
LG