Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen we ors saýlawlarynyň nähili aýratynlyklary bar?


Ýekşenbe güni geçirilen prezident saýlawlarynyň resmi netijelerine görä, häzirki premiýer-ministr Putin sesleriň 64 prosent töweregi bilen ýeňiş gazandy.
Ýekşenbe güni geçirilen prezident saýlawlarynyň resmi netijelerine görä, häzirki premiýer-ministr Putin sesleriň 64 prosent töweregi bilen ýeňiş gazandy.
Orsýetdäki prezidentlik saýlawlarynda Wladimir Putin ýeňiş gazandy. 2000-nji ýyldan bäri ýurdy başda prezident, soň premýer-ministr hökmünde dolandyryp gelýän Putin geljekki 6 ýylyň dowamynda Orsýete ýene-de prezident hökmünde ýolbaşçylyk eder.

Prezidentlik saýlawlary ýakynda Türkmenistanda hem geçirildi. Orsýetde bolşy ýaly, ençeme kandidatlaryň gatnaşmagynda geçirilen türkmen saýlawlarynyň netijesinde-de ýurduň iş başyndaky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet başynda galdy.

Orsýetiň Kommunistik partiýasynyň syýasy geňeşiniň agzasy, Harby-howa güýçleriniň hormatly dynç alyşdaky general–maýory Ýewgeniý Kopyşew Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş boldy we Türkmenistanda hem Orsýetde geçirilen saýlawlara öz garaýşyny mälim etdi. Söhbetdeşligi Azatlyk Radiosynyň Moskwadaky habarçysy Gözel Hudaýberdiýewa geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Ýewgeniý Iwanowiç, ýaňy-ýakynda Orsýetde bolan prezidentlik saýlawlarynyň geçirilişine nähili garaýarsyňyz?

Ýewgeniý Kopyşew
Ýewgeniý Kopyşew
Ýewgeniý Kopyşew: Häzir biziň partiýamyz kanuny bozmalar barada maglumatlary toplaýar. Men delilsiz tankyt etmegiň tarapdary däl. Men özüm saýlaw uçastoklarynda boldum we ses berişligiň gidişine gözegçilik etdim. Saýlawlar, umuman asuda geçen hem bolsa, biziň partiýamyzyň we beýleki oppozision toparlaryň toplan maglumatlary saýlawlaryň adalatly bolmanlygyny görkezýär. Meniň pikirimçe, azlyk tarapyndan dolandyrylýan döwletde adalatly saýlawlar bolup bilmeýär.

Azatlyk Radiosy: Ýurt azlyk tarapyndan dolandyrylýar diýdiňiz. Siziň bu sözleriňize nähili düşünmeli? 4-martdaky saýlawlarda ýeňiş gazanan Wladimir Putin sesleriň 60%-den gowragyny aldy!?

Ýewgeniý Kopyşew: Bu saýlawlarda kimiň näçe ses toplanlygy maňa bildirenok. Ses berijileriň gatnaşyk derejesi 65,3% diýen resmi san yglan edildi. Şeýle ýagdaýda Putiniň sesleriň 63% -ni toplanlygy hem hasaba alnanda, bu Putiniň ses bermäge ukyply raýatlaryň diňe 41%-i tarapyndan goldanýanlygyny, ýagny onuň ilatyň azlygyna liderlik edýänligini gorkezýär.

Azatlyk Radiosy: 12-nji fewralda Türkmenistanda hem prezident saýlandy. Siz şol saýlawlara nähili garaýarsyňyz?

Ýewgeniý Kopyşew: Çynymy aýtsam, men Berdimuhamedowyň prezidentlik saýlawlaryna has açyk we demokratiýa laýyk çemeleşmegine garaşypdym. Sebäbi ol beýleki postsowet liderleri bilen deňeşdirilende tebigy serişdelerden gelýän girdejileri ilatyň sosial ýagdaýyny gowulandyrmak üçin sarp etmäge islegli. Emma saýlawlardan soňky döwürde-de ýurtda ynsan hukuklarynyň depelenmegi dowam etdirilýär. Syýasy tussaglar boşadylmaýar. Türkmenistanyň kommunistik partiýasynyň lideri Serdar Rahymow ýaly syýasy tussaglar orta asyrlara mahsus zuluma sezewar edilýär. Olaryň ykbaly hatda ýakyn hossarlaryna-da nämälim bolup galýar. Biz Serdar Rahymowyň soňky gunä geçişlikde boşadylmagyna garaşypdyk, emma bu başa barmady.

Azatlyk Radiosy: Orsýet ýolbaşçylarynyň edişi ýaly, Türkmenistanyň ýolbaşçylary hem saýlawlaryň açyk we adalatly bolanlygyny yglan etdiler. Muny saýlawlara ýeke-täk daşary ýurt gözegçisi hökmünde syn eden GDA-nyň synçylary hem tassykladylar. Siz bu netijelere nähili garaýarsyňyz?

Berdimuhamedow bu saýlawlara oppozisiýanyň gatnaşmagyna rugsat berjegini ençeme sapar yglan edipdi. Emma bu zatlaryň ählisi boş wada bolup galdy.
Ýewgeniý Kopyşew

Ýewgeniý Kopyşew: Berdimuhamedow bu saýlawlara oppozisiýanyň gatnaşmagyna rugsat berjegini ençeme sapar yglan edipdi. Emma bu zatlaryň ählisi boş wada bolup galdy. Saýlawlaryň geçirilişi Berdimuhamedowyň milletiň arkasynda durýan ýeke-täk lider hökmünde häsiýetlendirilip, onuň wasp edilmegi bilen tapawutlandy. Emma şeýle epitet-sypatlandyrmalar häzirki asyrda örän täsin görünýär, hatda şeýle liderleriň halkyň boýnuna dakylmagy şol halky kemsidýär.

Türkmenistandaky saýlawlarda bäsdeşlik düýpden göze ilmedi. Berdimuhamedowdan başga 7 kandidatyň öz programmalary bolmady, olaryň esasy maksady prezidenti wasp etmek boldy. Şeýdip adamlarda Berdimuhamedowdan başga ses berere adam ýok diýen pikir doredildi.

Azatlyk Radiosy: Orsýetiň iň uly oppozision partiýasy bolan Kommunistik partiýa Orsýetiň häkimiýetlerinden näme talap edýär?

Ýewgeniý Kopyşew: Esasy talaplarymyzda senagatyň, oba hojalygynyň we ýurduň goranmak ukybynyň ösüşine uly üns berilmegine çagyryş edilýär. Şeýle pikirleri häkimiýetler hem öz maksatnamalarynda öňe sürýärler, emma olar iň esasy meseläni, ýagny döwlet girdejileriniň möçberini we olaryň sarp edilişini ýaşyrmaga çalyşýarlar. Netijede adamlar agyr şertlerde ýaşaýar, ilat arasynda ölüm derejesi ýokarlanýar. Orsýet babatynda aýdylanda, meniň pikirimçe, senagatyň iri obýektleri döwletiň eýeçiliginde bolmaly we ýurduň tebigy serişdelerinden gelýän girdejiler ýurduň hakyky ösüşine gönükdirilmeli.

Türkmenistan babatynda aýdylanda, meniň pikirimçe, adamlaryň töwerek-daşyna syn etmegi möhüm. Bilşime görä, bolup geçýän käbir oňyn özgerişliklere garamazdan, ýurtda korrupsiýa ýaly agyr keselçilik tutuş jemgyýeti gurşap aldy. Wagtynda göreşilmese, bu agyr betbagytçylyk döwleti hatda dargatmaga-da ukyply.

Azatlyk Radiosy: Şu günki gün oppozision güýçleriň wezipesi nähili bolmaly diýip pikir edýärsiňiz?

Ýewgeniý Kopyşew:
Şu günki gün Kommunistik partiýa adamlara maglumat bermek we olaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak maksadyny öz öňünde tutýar. Biz adamlaryň graždan aktiwligini we syýasy bilimini ýokarlandyrmak isleýäris. Biziň režimlerimizde saýlawlar aldawa ýugrulýar. Emma häkimiýertler ses berişligiň netijelerine we munuň jemgyýetde kabul edilişine üns bilen syn edip gelýärler. Şeýlelikde häzir, hususan-da Orsýetde, häkimiýetler oppozisiýanyň belli bir bölegini wekilçilikli döwlet organlaryna girizmäge mejbur bolýarlar.
XS
SM
MD
LG