Sepleriň elýeterliligi

Putiniň Kremle dolanmagy Ýewraziýa bileleşigi proýektini janlandyrýarmy?


GDA döwletleriniň Sankt-Peterburgda geçiren duşuşygynda, 2011-nji ýylyň 18-nji oktýabry.

GDA döwletleriniň Sankt-Peterburgda geçiren duşuşygynda, 2011-nji ýylyň 18-nji oktýabry.


Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin ilkinji gezek 2011-nji ýylyň güýzünde özüniň Kremle dolanyp gelme niýetini bildireninden soň neşir edilen ilkinji programmalaýyn makalalarynyň biri tutuşlygyna onuň Ýewraziýa bileleşiginiň geljegini nähili göz öňüne getirýänligine bagyşlanypdy.

Putin 2011-nji ýylyň oktýabrynda “Izwestiýa” gazetinde ýerleşdirilen makalasynda: “Biz dürli döwletlerden durýan we döwrebap dünýäniň bir sütüni bolmaga ukyply güýçli ýaranlygy teklip edýäris” diýip ýazdy.

Indi 6, belki-de 12 ýyllap Kremlde oturjak Putiniň ileri tutýan ugry energiýa bileleşigi ýaly bolup görünýär. Garaşsyz Döwletleriň Arakalaşynyň (GDA) paýtagtlaryndan ýagýan gutlaglaryň aňyrsynda has berk integrasiýany deňlik esasynda gurup bolarmy diýen hakyky alada ýatyr.

GDA-nyň integrasiýasy Putin üçin örän ähmiýetli mesele. Ol makalanyň “Izwestiýa” gazetinde çap edilmeginiň üstünden iki hepde geçer-geçmez Sankt-Peterburgda Belarusyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Täjigistanyň we Ukrainanyň daşary işler ministrlerini myhman alyp, ençeme ýyllap netije bermedik gepleşiklerden soň, indi erkin söwda zonasyny döretmek barada ylalaşyga gelnendigini şatlyk bilen yglan edipdi:

—Biz öz bazarlarymyzy birek-birege açýarys. Bu ýagdaý harytlaryň biziň bazarlarymyza arzan bahadan getirilmegini aňladýar. Bu hem öz gezeginde bilelikde täze işlere başlamaga gowy şertler döreder. Bularyň bary biziň ykdysadyýetimiziň bäsleşige ukyplylygyny artdyrar.

"Halkara statusyny berkitmegiň bir ýoly"

Gyrgyzystanly syýasy alym Mars Saryýewiň pikiriçe, Putiniň Ýewraziýa integrasiýasy ilkinji nobatda Orsýetiň halkara statusyny berkitmegiň bir ýoly:

—Meniň pikirimçe, Putin saýlawdan soň özüniň GDA-nyň beýleki döwletlerini öz içine alýan Ýewraziýa arzuwyny amala aşyrmaga synanyşar. Orsýet Gyrgyzystan bilen ýakyn gatnaşyklara ymtylyp, Gümrük bileleşigine, Ýewraziýa bileleşigine goşulmagymyz üçin bize basyş eder. Orsýet bizi - GDA döwletlerini - elden sypdyrsa, onda Orsýetiň özi şowsuzlyga uçrar. Orsýet üçin başga ýol ýok.

Ukrainaly kanun çykaryjy Oleh Zarubinskiý hem saýlawlardan soň Moskwanyň Ukraina baradaky berk edim-gylymlary üýtgär öýdenok:

—Öten birnäçe ýyllykda Kremlde Dmitriý Medwedew oturan bolsa-da, Orsýetiň hem içeri hem-de daşary syýasatynda möhüm meseleleri iş ýüzünde kesgitlän Putin boldy. Şol sebäpden biz düýpli özgeriş, ýa käbir adamlaryň aýdyşy ýaly, tektoniki süýşme bolar diýip bilmeris. Putiniň stili, gaty, pragmatik, kämahallary hem syýasy tejribesi daşary gatnaşyklary-da öz içine alýar.

Türkmenistan barada Putiniň öňden ýöredip gelýän syýasaty - ol türkmen ykdysadyýetini bogup, ony Orsýete bakna etmek. Ony ýaşyrybam duranok.

Putine isleg-arzuwlaryny amala aşyrmak Kawkazda-da aňsat düşmez. Bu regionda iň möhüm ýurt nebite baý Azerbaýjan. Azerileriň hem köpüsi Medwedewiň Daglyk-Garabag konfliktini çözmek üçin ak ýürekden tagalla edendigine ynanýarlar. Ýöne, olaryň garaýşyça, Putin bu konflikte bu iki ýurtda Orsýetiň täsirini berkitmegiň bir ýoly diýip garaýar.

Putiniň ylalaşyksyz çemeleşmelerine gaza baý Türkmenistan hem seresaply garaýar. Muny Aşgabatda ýaşaýan türkmen analitigi, ýazyjy Amanmyrat Bugaýew şeýle düşündirýär:

—Putin her edip, hesip edip regionda, ylaýta-da Orta Aziýada hem-de öňki sowet respublikalarynda Orsýetiň täsirini artdyrmaga, Orsýetiň öňki agalyk gegemoniýasyny dikeltmäge synanyşyk eder. Türkmenistan barada Putiniň öňden ýöredip gelýän syýasaty - ol türkmen ykdysadyýetini bogup, ony Orsýete bakna etmek. Ony ýaşyrybam duranok.

Putin "Izwestiýa" gazetinde Ýewraziýa bileleşiginiň Sowet Soýuzynyň miraslarynyň üstünde gurulmalydygyny aýdýar. Ýöne Sowet Soýuzynyň galdyran oňaýsyz miraslarynyň onuň çak edişinden has çuň bolmagy mümkin.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG