Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Orsýeti aýdylýan saýlaw galplyklaryny derňemäge çagyrdy


Moskwada oppozisiýanyň geçiren ýörişinde, 5-nji mart, 2012-nji ýyl.
Moskwada oppozisiýanyň geçiren ýörişinde, 5-nji mart, 2012-nji ýyl.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary Orsýetiň hökümetine ýüzlenip, ýekşenbe güni geçirilen prezidentlik saýlawlarynda “hasaba alnan ähli galplyklary garaşsyz we ynamly görnüşde derňemäge” çagyrdy. 4-nji martaky saýlawlarda Wladimir Putin ýeňiş gazanypdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Wiktoriýa Nuland çykyş edip, ÝHHG-niň we Ýewropa Geňeşiniň Parlament Assambleýasynyň deslapky hasabatlaryny Waşingtonyň goldaýandygyny aýtdy. Hasabata görä, saýlawlaryň netijelerinde Putin arassa ýeňiş gazanypdyr, ýöne saýlawlaryň esasy ugry Putiniň tarapyna ýykgyn etdirilipdir.

—Biz ÝHHG-niň hasabatyna goşulýarys. Onda saýlaw kampaniýasynyň gurnalyşy boýunça käbir aladalar bildirilýär. Ýagny, başdan dalaşgärlere deň şertler döredilmedi, hökümet serişdeleri, şol sanda habar serişdeleri hem adalatly ulanylmady, şeýle-de saýlaw günleri prosesual bidüzgünçilikler boldy. Şunlukda, biz şaýat bolan zatlarymyzy açyk beýan edýäris—diýip, Nuland aýtdy.

Putin saýlaw netijeleri yglan edilmezinden öň "Manež" meýdançasynda, Moskwa, 4-nji mart.
Putin saýlaw netijeleri yglan edilmezinden öň "Manež" meýdançasynda, Moskwa, 4-nji mart.
Şeýle-de, Döwlet Departamentiniň ýaýradan beýanatynda “geçen ýylda geçirilen parlament ses berişliklerinden soň, saýlaw prosesine girizilen açyklygyň hem hasaba alnandygy” nygtalýar. Döwlet departamenti “geljekki saýlawlaryň hem has açyk görnüşde geçmegi üçin, bu başlangyçlary dowam etdirmäge” çagyrýar.

Beýanatda nygtalşy ýaly, ABŞ Orsýetde saýlawlara gözegçilik etmek üçin adaty raýatlaryň işjeň gatnaşmagyny hem goldaýar. Şonuň bilen baglylykda, Döwlet departamentiniň beýanatynda şeýle diýilýär: “Orsýetde saýlawlara görlüp eşidilmedik derejede rus gözegçileriniň gatnaşmagy rus jemgyýetiniň Orsýetiň demokratik institutlaryny özgertmek ugrunda tagalla edýänliginden nyşandyr”.

Dürli garaýyşlar

Şol bir wagtda, Orsýetde geçirilen prezidentlik saýlawlary dünýä boýunça dürli garaýyşlar bilen garşylandy.

Garaşsyz synçylar saýlaw prosesinde müňlerçe düzgün bozmanyň habar berlendigini, ses gutularynyň dykalanyp doldurylan halatlarynyň we şol bir adamlaryň birnäçe saýlaw uçastogynda gaýta-gaýta ses berşiniň bellige alnandygyny aýdýarlar.
Garaşsyz synçylar saýlaw prosesinde müňlerçe düzgün bozmanyň habar berlendigini, ses gutularynyň dykalanyp doldurylan halatlarynyň we şol bir adamlaryň birnäçe saýlaw uçastogynda gaýta-gaýta ses berşiniň bellige alnandygyny aýdýarlar.
Günbatar ýurtlary, şol sanda Fransiýa, Britaniýa we Ýewropa Bileleşigi ÝHHG-niň öňe süren belliklerini nygtap, Waşingtonyňky bilen çalymdaşyrak garaýyşlary bildirdiler. Germaniýanyň daşary işler ministri Gido Westerwelle çykyş edip, Orsýeti öňe sürülýän galplyk aýyplamalaryny derňemäge çagyrdy.

Emma Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň käbirleri Putini gyssagly gutlap, onuň täzeden saýlanmagynyň regionda durnuklylygy üpjün etjekdigini aýtdylar.

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew Putiniň prezident saýlanmagy bilen “rus-gyrgyz gatnaşyklarynyň berkejegine” umyt bildirdi.

Putini täjik prezidenti Emomali Rahmon, Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan, Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew, Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý dagylar hem gutladylar.

Orsýetiň möhüm gündogar goňşulary Hytaý bilen Ýaponiýa hem Putini ilkinji bolup gutlanlaryň arasynda.
XS
SM
MD
LG