Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ak güller”: biznes, syýasat we 8-nji mart


Bu ekspozisiýa "Arkadag" diýen at berildi.
Bu ekspozisiýa "Arkadag" diýen at berildi.
Aşgabadyň islendik bazarynda gül satylýan ýörite ýer bar. Şol ýerlerden geçip barýarkaň gül satýanlar iň bolmanda “Gül alýaňmy?” diýip sorarlar. Käbirleri bolsa geçip barýan adamyň gül satyn aljakdygyna ýa-da almajakdygyna garaman, öz harytlarynyň waspyny ýetirip başlarlar.

Olaryň öz harytlaryny satjak boluşlary göýä şol harytlary geçmeýän ýaly. Söwdadan daşda duran adamlar üçin munuň şeýle bolup görünmegi hem ähtimal. Gül satýanlaryň sanynyň köplügi, gülleriň bahalary hem-de gülleriň çalt guraýandygyny göz öňünde tutsaň, gül söwdasy o diýen girdejili däl diýen pikir döreýär.

Emma, bu beýle däl. Aşgabadyň Parahat mikroraýonyndaky “Paýtagt” bazarynyň gül satyjysy Amangül gül söwdasynyň örän düşewüntli söwdadygyny aýdýar:

—Güller her gün geçýär. Elbetde, her gün şu görýän gülleriňiziň ählisini satyp bolýar diýmek ýalňyş bolar. Emma baýramçylyk günleri gül söwdasy örän gyzgalaňly bolýar. Ylaýtada 8-nji mart baýramçylygynda güller has gowy geçýär. Şonda azyndan 1-2 ýüz dollar arassa girdeji gazanyp bolýar. Dogry, şol gün ondan hem köp gazanýan gülçüler bar.

8-nji mart

Halkara zenanlar baýramçylygy 8-nji mart gününe gülçüler aýratyn taýýarlyk görýärler. Güller bilen üpjün edýänlerden adatdakydan birnäçe esse köp gül sargyt edilýär.

Amangüliň aýtmagyna görä, gülleriň köpüsi ýurduň içinde ýetişdirilýär. Ol daşary ýurtlardan getirilýän gülleriň hem az däldigini aýdýar:

—Daşary ýurtlardan gül esasan Özbegistandan, Orsýetden getirilýär. Gollandiýadan hem güller getirilýär. Emma olaryň bahasy ýönekeý alyjylar üçin gymmat bolýar. Mysal üçin, golland bägüliniň biri 20-30 manat. Şol bir wagtda hem Türkmenistanda öndürilen bägüliň biriniň bahasy 3-4 manat.

Amangüliň aýtmagyna görä, 8-nji mart baýramçylygynda gülleriň bahasy esseläp ýokarlanýar:

—Mysal üçin, baýramçylygyň öň ýany 3-4 manatlyk bägülleriň bahasy 10 manada ýetýär. Özi-de şol gün gül tapsaň!

Güller diňe bir bazarlarda däl, eýsem ýöriteleşdirilen dükanlarda hem satylýar. Şeýle dükanlaryň sanynyň az däldigini hem belläp geçmeli. Bu dükanlardaky gülleriň köpüsi daşary ýurtlardan getirilýän güllerdigini şol dükanlaryň satyjylary aýdýarlar. Esasanam Gollandiýadan diýip aýdýarlar. Şol sebäpdenem gül satýan dükanlarda güller gymmat bolýar.

Gül söwdasy bilen meşgullanýan ýörite firmalar hem az däl. Şolaryň iň meşhury “Gül Zaman” hususy kärhanasy. Gül söwdasy bilen meşgullanýanlar bu kärhananyň işine uly baha berýärler:

—Ýurtda ýokary derejede geçirilýän resmi çäreleriň gül bilen bezegi şol “Gül Zamana” tabşyrylýar. Hususan-da, häzir ýokary derejeli resmi çärelerde ýörgünli bolan ak gülleri bu kärhana getirýär – diýip, efirde adynyň tutulmagyny islemedik gül söwdagäri aýtdy.

Suratlar: Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen sergiden

Türkmenistanda garaşsyzlyk döwri gül biznesi gülläp ösýär. Dürli resmi gül goýmak çäreleri bu söwdany has-da ösdürdi. Ýurtda gülleriň syýasy-ideologik propaganda-da ulanylmagynyň bu söwdanyň ösmegine has-da köp itergi berýändigini ýerli synçylar belleýärler.

—Nyýazow döwründe oňa sowgat berilýän gülleriň reňki gyzyldy. Ministler Kabinetiniň mejlislerinde hem ol gyzyl reňkli gülleriň arasynda oturmany gowy görýärdi. Nyýazow aradan çykandan soň bolsa, ak reňkli güller agdyklyk edip başlady. Indi, ak reňk syýasy kult derejesine çykaryldy – diýip, ýerli synçy Aşyrdurdy aýdýar.

Ýurtda geçirilýän resmi çärelerde ak reňkiň köp ulanylýandygyny göz öňünde tutsaň, Aşyrdurdynyň sözleri bilen ylalaşmazça däl. Gözel Şagulyýewanyň ak gülleri prezidentiň şahsyýeti bilen baglanyşdyryp ýazan “Ak güller” poemasy bolsa Aşyrdurdynyň aýdan sözlerini tassyklaýar.

Gözel Şagulyýewa ak gülleri prezidentiň şahsyýeti bilen baglanyşdyryp, poema ýazypdy.
Gözel Şagulyýewa ak gülleri prezidentiň şahsyýeti bilen baglanyşdyryp, poema ýazypdy.
3-5-nji mart aralygynda ýurduň Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde 8-nji mart baýrmaçylygy mynasybetli geçen “Güller zenan kalby ýaly ajaýyp” atly gülleriň sergisinde hem Sankt-Peterburgyň simwoly bolan Pýotr birinjiniň ýadygärligine kybapdaş ýurt baştutanynyň at üstündäki heýkeli hem ak güller bilen bezelipdir.

Gülleriň syýasy propogandada ulanylmagyndan peýda görýänler hem bar diýip, ýerli synçylar hasaplaýar. Aşgabadyň Parahat mikroraýonyndaky “Paýtagt” bazarynyň gül satyjysy Amangül olaryň gül söwdasyndan gazanýan pullarynyň, bazarda oturyp gül satýanlaryňkydan birnäçe esse köpdügini aýdýar:

—Ýurduň ýokary wezipeli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän resmi çäreleriň gül bilen bezegleri müňlerçe dollara durýar. Biz ýaly bazarda oturyp gül satýanlar bular ýaly söwdanyň golaýyna hem eltilmeýär.

Ýöne, muňa garamazdan, ýurtda gül söwdasy sözüň doly manysynda gülläp ösýär. Şonuň üçin Aşgabadyň bazarlarynda gülçüler, gyşyň sowugyna, tomsuň yssysyna garamazdan, müşderileri gül satyn almaga çagyrýarlar.
XS
SM
MD
LG