Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň ynsanperwerlik başlygy Damaska sapar edýär


BMG-niň ynsanperwerlik ýolbaşçysy Siriýa sapar edýär. Onuň bu saparynyň maksady režime garşy protestleri howpsuzlyk güýçleriniň basyp ýatyrmagy sebäpli zyýan çekýän ilata halkara ynsanperwer kömegini ýetirmäge rugsat almak üçin Siriýanyň hökümetini yrmak bolup durýar.

Waleriýe Amos Damaskda çarşenbe-anna günleri bolup, gepleşikler geçirer. Ol öz bu saparynda “ýaralananlary alyp çykmak we esasy üpçünçilik ýüküni ýerlere ýetirmek üçin ynsanperwer işlerini alyp barýan gullukçylara çäklendirilmedik mümkinçilikleri döretmäge ähli taraplara çagyryş etmegi” göz öňünde tutýar.

Amosyň bu ýurda sapary prezident Başar al-Assadyň öz režimine garşy gozgalaňlary basyp ýatyrmakda bir ýyl bäri alyp barýan harby operasiýasyny bes etmek barada hiç hili yşarat bermändigi sebäpli gurnaldy.

BMG-niň maglumatyna görä, Siriýada konflikt başlaly bäri 7 müň 500-den gowrak adam ölüpdir, olaryň köpüsi parahat ilatdandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG