Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HG-niň agzalary Eýranyň ýadrosy boýunça gepleşiklere dolanmakçy


BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň bäş sany hemişelik agzasy we Germaniýa Tähranyň ýadro programmasy boýunça gepleşiklere dolanmak barada Eýranyň teklibini kabul etdiler.

ÝB-niň daşary syýasat boýunça başlygy, şeýle hem toparyň wekili Ketrin Aşton Eýranyň ýadro meseleleri boýunça wekili Saeed Jeliliniň täze maslahaty geçirmek baradaky fewral aýynda ýollan teklibini goldandygy barada sişenbe güni mälim etdi.

Tähran bilen alty döwletiň – ABŞ-nyň, Orsýetiň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Britaniýanyň we Germaniýanyň gatnaşmagynda geçiriljek gepleşikleriň wagty hem ýeri häzirlikçe belli edilmedi.

Aşton bu beýanatyny Halkara atom energiýasy gullugynyň inspektorlaryna Parçin harby desgasyna baryp görmäge Eýranyň rugsat bermek meýliniň bardygy sişenbe güni mälim bolandan soň etdi.

Günbatar döwletleri Parçin desgasyny Eýranyň güman edilýän atom ýaragy boýunça programmasynyň bir bölegi hasaplaýarlar.
XS
SM
MD
LG