Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň Saýlawçylar Ligasy saýlawlary ýazgarýar


Wladimir Putiniň liderligine garşy çykýan meşhur adamlary we aktiwistleri öz içine alýan Orsýetiň Saýlawçylar Ligasy ýekşenbe güni geçirilen prezidentlik saýlawlaryna “graždan jemgyýetini ynjytmak” diýip baha berdi we ony ýazgardy.

Liga öz ýaýradan beýanatynda “giň gerimde ýüz beren bidüzgünçikler sebäpli prezident saýlawlarynyň netijesini kabul etmek mümkin däl” diýip belledi.

Saýlawlaryň resmi netijelerine görä, wezipesinden gidýän premýer-ministr Wladimir Putin 4-nji martdaky saýlawlarda sesleriň 64 prosent töweregini toplap, prezidentligiň üçünji möhletini eýelemäge mümkinçilik gazanypdyr.

Mundan ozal, hepdäniň başynda günbatarly synçylar saýlawlara adalatsyz diýip baha berdiler. Olar häkimiýetleriň saýlaw prosesini Putiniň haýryna gönükdirendiklerini, şunlukda hakyky bäsleşigiň bolmandygyny aýdýarlar.

Moskwanyň Şäher saýlaw komissiýasy paýtagtda Putiniň sesleriň ýarysyndan azyny, ýagny 47 prosente golaýyny toplandygy baradaky netijäni tassyklady.
XS
SM
MD
LG